Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Dünýä çempionaty geçer


"Awazadaky" ýelkenli gaýykçylar.

"Awazadaky" ýelkenli gaýykçylar.

Türkmenistan halkara derejesinde ykrar edilmegiň kiçiräk bir nyşanyna eýe boldy.

Halkara sport çäresine beýemçilik etmek Merkezi Aziýada bir durumyň, statusyň simwoly ýaly bir bolup görünýär.

Özbegistan 1997-2002-nji ýyllarda Prezidentiň kubogy ugrundaky tennis ýaryşyna beýemçilik etdi we tennis dünýäsiniň Tim Henman, Marat Safin, Ýewgeniý Kafelnikow ýaly tanymal wekillerini özüne çekdi.

2013-nji ýylda, geçen noýabrda Almatyda tamamlanan dünýä Boks çempionatyna beýemçilik eden Gazagystan 2011-nji ýylda Aziýa Gyşky oýunlaryna beýemçilik etdi. Indi bolsa, 2022-nji ýylda Geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryna beýemçilik etmäge dalaş edýär. Daşkent baryp 1990-njy ýyllaryň başynda 2000-nji ýylyň Tomusky Olimpiýa oýunlaryny özünde geçirmek isläpdi.

Aşgabat hiç wagt Olimpiýa oýunlaryna beýemçilik edip bilmez, sebäbi, birnäçe hepde mundan öň Türkmenistanda gar ýagan hem bolsa, bu ýurduň tomusda 50 gradus yssysy bilen bilelikde, halkara derejesinde gyşky sport oýunlaryny geçirmek mümkinçiligi ýok

Emma windsörfiň, ýelkenli gaýykda ýaryşmak başga gürrüň. Hökümete tarapdar Turkmenistan.ru websaýty 28-nji fewralda Professional Windsörfiň assosiasiýasynyň 2014-nji ýylyň 15 bölümli, aýlap dowam etjek Dünýä Windsörfiň çempionatynyň geçmeli ýerleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň Hazar ýakasyndaky «Awaza» kurortyny hem saýlap aldy.

Bu habar maňa gaty geň göründi we men onuň yzyny çalyp görmek kararyna geldim.

Dogrudanam, Professional Windsörfiň assosiasiýasynyň websaýtynda (www.pwaworldtour.com) «Awaza PWA Dünýä çempionaty» 1-nji iýuldan 6-njy iýula çenli geçirilýär diýlip ýazylypdyr. Bu çäre Magarita adasynda, Karib deňzinde, Wenezuelanyň kenarlarynda geçjek ýaryşdan soň we Kanar adalarynyň üçüsinde boljak ýaryşlardan bir aýa golaý öň geçiriler.

Eýsem, çyndanam Awazadamy?

PWA 2014 Dünýä çempionatynyň ýaryşlarynyň geçiriljek ýerleriniň sanawynda Kosta Brawa, Bonaýre - Niderland Antilles adalary, Alaçati - Türkiýe, Maui – Hawaýi, Täze Zelandiýa we Çili hem bar.

Awaza?

Görlüp oturylsa, bu habar Türkiýäniň «Polimeks» kompaniýasynyň başlygy Erol Tabança tarapyndan yglan edilen eken. Tabança, megerem Türkmenistanyň hökümetiniň «Polimeksi» millardlap dollara durýan gurluşyk şertnamalary bilen sylaglany, şol sanda täze Aşgabat aýeroportyny we «Awazadaky» «Ýelken» ýaht klubyny gurmagy ynanany üçin, sylaga sylag hökmünde, PWA bilen ylalaşyk gazanypdyr.

Turkmenistan.ru bu ýaryşa dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan ýelkenli gaýykçylaryň, windsörfçileriň 100 çemesiniň geljegini we daşary ýurt mediasynyň žurnalistleriniň uly toparynyň bu ýaryşy beýan etmäge gatnaşjagyny habar berýär.

Bu sport çäresi belki-de eýýäm türkmen häkimiýetleriniň ýaryşa gatnaşjak ýa-da ony görmäge geljek islendik topara wiza bermegine ýol açandyr.

Ýöne, gepiň gerdişine aýtsak, regional at-abraý sebäplerini bir gyra goýamyzda hem, izolýasiýaçy Türkmenistanyň halkara sport çäresini geçirjek bolmagynyň başga-da bir düşündirişi bar.

Meniň göwnüme bolmasa, hakykatda ýelkenli gaýyk, windsörfiň ýaryşyna beýemçilik etmek Türkmenistan üçin ajaýyp bir çäre bolup durýar.

Türkmenbaşy şäherinde, Awazanyň golaýynda bir aeroport bar we bu çärä gatnaşmaga gelen daşary ýurtly myhmanlaryň hiç biri Türkmenistanyň köp ýerini görüp bilmez. Birnäçe ýyl bäri işleýän «Ýelken» ýaht kluby myhmanlar we media üçin gowy gezim meýdany bolup, onuň derwezeleri Türkmenistanyň raýatlaryny öz arkasynda, aňyrlarda saklar. Atletler bolsa, ýaryşýan wagtlary hatda türkmen topragynda hem bolmazlar.

Bu Türkmenistanda bolan ýaly bir zat bolar, emma hakykatda ol ýerde bolan ýaly bolmaz.

Men ol ýerde bolup bilmerin, çünki bir sebäpden men Türkmenistana hiç wiza alyp bilemok. Emma Turkmenistan.ru bu sport çäresiniň internetde göni alnyp görkeziljekdigini aýdýar.

Bu ýaryşa türkmen sportçularynyň hem gatnaşýandygy barada hiç zat agzalmandyr. Emma men «Awazadaky» ýaryş tamamlanmazdan öň ol ýerde prezident Gurbanguly Berdimhumedowyň ýelkenli gaýyga atlanan suratlarynyň welin bäş-altydan az bolmajagyny çak edýärin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG