Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG: "Saýlawlarda azatlyklar hormatlanmady"


Ýaşuly ses berýär.Aşgabat,15-nji dekabr, 2013.

Ýaşuly ses berýär.Aşgabat,15-nji dekabr, 2013.

ÝHHG-nyň Demokratiýa we adam hukuklary instituty 4-nji martda 2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistada bolan parlament saýlawlarynyň geçirilişine edilen gözegçilik esasyndaky jemleýji hasabatyny çap etdi.

ÝHHG Türkmenistandaky saýlaw prosesiniň monitoringine ilkinji gezek gatnaşdy. Ýöne ol bu saýlawlara baha bermäge barmady.

Türkmen tarapynyň çakylygy boýunça, ÝHHG-nyň Demokratiýa we adam hukuklary edarasy fransiýaly ilçi Aleksandr Kelçewsikiniň ýolbaşçylygynda, parlament saýlawlarynyň geçiriljek wagtyna gabat Aşgabada diňe gözegçilik maksadyndaky synçylar missiýasyny ugratdy.

Demokratiýa we adam hukuklary edarasynyň jemleýji hasabatynda Türkmenistandaky parlament saýlawlarynyň dowamynda «esasy azatlyklara hormat goýulmandygy» bellenilýär. ÝHHG-nyň metbugat üçin çap eden beýanatynda hem bu saýlawlaryň berk syýasy kontrolluk şertlerinde geçirilendigi aýdyldy.

Türkmen häkimiýetleriniň saýlawlaryň köpparitiýalylyk şertlerinde geçirilýändigini yglan etmeklerine garamazdan, synçylar saýlawlaryň halkara derejesinde kabul edilen ölçeglere gabat gelmegi üçin syýasy köpdürliligiň hem-de häkimiýet şahalarynyň biri-birinden garaşsyz, özbaşdak işläp bilmeginiň zerurlyk bolup durýandygyny, emma bu şertleriň Türkmenistanda ýeterlik bolmandygyny aýtdylar.

Demokratiýa we adam hukuklary edarasynyň çäkli gözegçilik missiýasynyň synçylary saýlawdan öňki kampaniýalar mahalynda hem işjeňliginiň pes bolandygyny, jemgyýetçiligiň saýlaw bilen gyzyklanmasynyň bolsa az bolandygyny, käbir saýlawçylaryň öňde duran saýlawlar barada asla eşitmändiklerini aýdandygyny bellediler.

Resmi metbugat birtaraply makalalary çap etdi, kandidatlaryň çykyşlary şol bir mazmunda bolup, olar esasan prezident G.Berdimuhamedowyň syýasatyna goldaw sözlerini gaýtaladylar diýip, jemleýji hasabatda bellenilýär.

Şeýle-de synçylar raýatlaryň saýlaw gününde passiw bolandyklaryny, bir saýlawçynyň birnäçe býulleten alyp, birnäçe adam üçin ses beren halatlaryna hem gabat gelnendigini, saýlawçylaryň sanawyndaky atlaryň deňinde şol bir adamlaryň gollarynyň çekilmegi ýaly kanun bozmalara ýol berlendigini bellediler.

Halkara gözegçileri, öz ygtyýarlyklary boýunça, ses berişligiň jemleri babatdaky protokollar bilen tanyşmaga hukukly edilen hem bolsalar, olara diňe bir gezekden başga ýagdaýda muny etmäge ýol bermändirler.

Demokratiýa we adam hukuklary edarasynyň hasabatynda, eger ýerine ýetirilse, Türkmenistanyň ÝHHG-nyň çäklerinde boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek synanşygy hökmünde baha beriljek rekomendasiýalar, maslahatlar hem berlipdir.

Olaryň arasynda saýlaw organlarynyň häkimiýet gurluşlaryndan garaşsyzlygy, saýlaw prosesiniň doly açyk-aýdyňlygy, milli kanunlary ÝHHG-nyň çägindäki ölçeglere we beýleki halkara standartlara golaýlaşdyrmak, garaşsyz metbugat serişdeleriniň işläp bilmegi üçin şertleri döretmek, söz, ýygnaklar azatlygy şertlerini döretmek ýaly rekomendasiýalar bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG