Sepleriň elýeterliligi

Putin Paralimpiýa oýunlaryny açdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Soçidäki 11-nji Paralimpiýa oýunlarynyň açylandygyny yglan etdi.

Putin anna güni, Ukrainanyň Krym sebiti üstünde dörän krizisiň dowam edýän wagtynda guralan açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna diňe ýekeje ukrainaly sportçy gatnaşdy. 37 ýaşly sportçy Mihaýlo Tkaçenko Fişt stadionynyň içinden öz maýyp arabasy bilen geçende, tomaşaçylar, käsi ör tutup, ony gürrüldili elçarpyşmalar bilen garşy aldy.

Tkaçenko hiç hili ýylgyrman, 31 adamly güýçli sport toparynyň adyndan, öz ýurdunyň baýdagyny buýsanç bilen göterip geçdi. Emma onuň sport komandasyndan başga hiç kim stadiona girmedi.

Käbir günbatar ýurtlary, şol sanda Birleşen Ştatlar, Britaniýa we Germaniýa bu çärä, Orsýetiň Kryma goşun salmagyna protest hökmünde, öz hökümet wekillerini ibermedi.

Putin paralimpiýa ruhunyň Orsýetiň Ukraina babatdaky syýasatynyň töweregindäki dartgynlyklary gowşatmagyna umyt edendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG