Sepleriň elýeterliligi

Türk sudy Basbugy boşatmagy boýurýar


Türk sudy ozalky harby serkerdebaşy Ilker Basbugy derrew türmeden boşatmagy buýurdy. Ol geçen ýyl hökümeti agdarmak dildüwşüginde günäli tapylyp, ömürlik tussaglyga höküm edilipdi.

Basbugyň aklawçysy Ilkaý Sezer suduň kararyny žurnalistlere anna güni aýtdy. Bu çözgüde Türkiýäniň ýokary Konstitusiýa sudy Basbugyň kanuny hukuklarynyň bozulandygy barada karar çykarandan soň gelindi.

Basbug 2013-nji ýylda, ýüzlerçe harby ofiser bilen bilelikde, «Ergenekon» dildüwşügi diýlip at berlen iş esasynda, hamala, hökümeti düňderjek bolan diýlip, uzak möhletli türmä basylypdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan soňky wagtlar, ozalky ýarany Fethulla Gülen bilen darkaşa girmeli bolansoň, goşuna daýanmagyň çäresini agtardy.
XS
SM
MD
LG