Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa: Ýiten uçar gözlenýär


Malaýziýa howa ýollarynyň 239 ýolagçyly uçarynyň gözlegi dowam edýär.

«Boeing 777-200» ýolagçy uçary Günorta Hytaý deňziniň üstünden uçup barýarka howa kontrollugynyň trafik gözegçiligi sahnasyndan ýitirim boldy.

Ýolagçy uçary Kuala Lampurdan Pekine tarap iki sagat uçupdy. Wetnamyň döwlet metbugaty, wetnamly deňiz resmisine salgylanyp, bu uçaryň hamala wetnam kenaryna ýykylandygyny ýazdy.

Hytaý bu uçaryň gözlegi üçin iki gämi iberdi. Malaýziýa howa ýollary uçaryň sürüjisiniň örän tejribeli bolandygyny, howa ýollarynda 1981-nji ýyldan bäri işleýändigini aýtdy.

Ýolagçylaryň köplügi hytaýly bolup, olaryň arasynda başga-da 14 ýurduň adamlarynyň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG