Sepleriň elýeterliligi

Moskwa ABŞ-a duýduryş berýär


Orsýet ABŞ-a Ukrainadaky krizis sebäpli Moskwa garşy sanksiýa girizmegiň Birleşen Ştatlaryň öz boýnundan iljekdigini duýdurdy, şol bir wagtda ýaragly adamlar Krym ýarymadasyndaky harby bazalaryň ýene birini ele geçirmäge synandy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen eden telefon gürrüňinde «gyssanmaç we oýlanyşyksyz ädimleriň» rus-amerikan gatnaşyklaryna zyýan ýetirip biljegini duýdurdy.

Ol bu sözleri Gazprom, eger Kiýew basym gaz töleglerini tölemese, Ukraina iberýän gazyny kesjegini duýdurandan soň aýtdy. Anna güni agşam ýaragly adamlar ýük maşynyny Ukrainanyň Sewastopoldaky raketa-gorag postuna sürdiler.

Emma ok atyşlyk bolmady we Krymyň orsýetçi premýeri biraz soň gapma-garşylygyň aradan aýrylandygyny aýtdy.

Ukrainanyň goranyş resmileri indi Krymda 30 müň rus esgeriniň ýerleşýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG