Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani gazet ýapmagy tankytlaýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani gazetleri hökümeti masgaralamakda aýyplap ýapmak praktikasyny tankytlady.

Rohani şenbe güni efire berlen beýanatynda «jogapkärçilikli metbugat azatlygyny» gorap çykyş etdi.

Ol hökümet gazetleri ýapanda, jemgyýetçilik ynamyna zeper ýetýär diýdi. Rohani gazetleri ýapmagyň iň soňky çäre bolmalydygyny, ilkinji çäre bolmaly däldigini nygtady.

Eýran hökümetiniň, yslam respulikasynyň gymmatlyklaryna zeper ýetirmek bahanasy bilen, gazetleri ýapmakda uly tejribesi bar.

Oktýabr aýynda, geçen ýyl, reformaçy «Bahar» gazeti hem şeýle ýagdaýda ýapylypdy.
XS
SM
MD
LG