Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşton Tähranda gepleşik geçirýär


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat ýolbaşçysy Ketrin Aşton ýekşenbe güni Tähranda Eýranyň uly derejeli resmileri bilen gepleşik geçirmeli.

Aşton Eýranyň paýtagtyna şenbe güni geldi. Maslahatlaşylýan meseleleriň arasynda bu ýurduň dawaly ýadro programmasy, şeýle-de ikitaraply, regional we halkara meseleler bar.

Eýranyň döwlet mediasy we gazetleri Aştonyň saparyna uly ähmiýet berýär. Reformaçy media muny pragmatist prezident Hassan Rohani üçin "gazanylan üstünlik" diýip häsiýetlendirýär.

Eýran we dünýäniň alty döwleti noýabr aýynda Ženewada Tähranyň ýadro programmasy babatdaky uzaga çeken dawany soňlamakda deslapky ylalaşyk gazandy.
XS
SM
MD
LG