Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýiten uçaryň gözlegi dowam edýär


Malaýziýa howa ýollarynyň şenbe güni ýiten 239 ýolagçyly uçarynyň gözleg operasiýalary dowam edýär.

Malaýziýanyň häkimiýetleri birnäçe ýurtdan, şol sanda Birleşen Ştatlaryň we Hytaýyň hem gatnaşmagynda, jemi 40 gäminiň, 22 sany uçaryň gözlege çykandygyny aýtdy.

Kuala Lampurdan Pekine barýan uçar Malaýziýa bilen Wetnamyň aralarynda bir ýerde, deňziň üstünden uçup barýarka howa gözegçilik radaryndan ýitirim boldy. Hatda ondan emele gelen ýagdaý barada hiç hili telefon hem edilmedi.

Şu arada häkimiýetler gözegçilik kameralarynyň ýazgylaryny barlap, azyndan iki adamyň uçara ogurlanan ýewropa pasportlary bilen münendiklerini aýtdylar.

Malaýziýanyň transport ministri Hişamuddin Huseýin derňewe halkara gulluklarynyň hem goşulandygyny tassyk etdi.
XS
SM
MD
LG