Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Söhbetdeşlik: Anneksiýa döwletleriň esaslaryny soraga salýar


 Adam Roberts

Adam Roberts

Ukrainanyň Krym regionynyň resmileriniň Krymy Orsýete goşmak üçin referendum geçirmäge taýýarlanýan hem-de Moskwanyň Krymy Orsýetiň täze bir territoriýasy hökmünde kabul etmegini delillendirmek üçin kanun taslamasyny işläp düzýän mahaly RFE/RL, Azatlyk we Azat Ýewropa Radiosynyň žurnalisti Robert Koalsan Oksford uniwersitetiniň uly ylmy-barlag işgäri, «Uruş kanunlarynyň dokumentleri» ("Documents On The Laws Of War") atly neşiriň redaktory Adam Roberts bilen anneksiýa meselesi barada söhbetdeş boldy.

RFE/RL: Siz häzir anneksiýanyň, ýagny zor bilen birleşdirmegiň halkara kanunçylygynda nähili görülýändigini düşündirip bilmezmisiňiz?

Adam Roberts: Halkara ýuristleriniň, meniň öz okadýan sapagyma gatnaşýan studentleriň nukdaýnazaryndan, anneksiýa umuman bir territoriýanyň zor bilen alynmagy, köplenç basyp alyjy güýç tarapyndan, içine goşun salnan döwletiň territoriýasyny güýç blen öz tarapyna geçirmegi hökmünde görülýär. Onsoň ol ýerde anneksiýa garşy örän berk halkara normalary bar, hakykatda bu 1945-nji ýyldan soňky halkara gatnaşyklarynyň esasy binýady diýlip hem häsiýetlendirilip bilner.

RFE/RL: Anneksiýa degişli mesele bilen bagly hökmany borçlulygy öňe sürýän halkara şertnamalary ýa ylalaşyklary barmy?

Roberts: Bu meselede anyk bir şertnama ýok. Emma BMG-niň Düzgünnamasyndan we 1945-nji ýyldan bärki halkara praktikasyndan şeýle borçlaryň gelip çykýandygy jedelsiz bir zat. Mysal üçin, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýalary anneksiýa synanyşyklarynna dahylly işler babatda juda berk pozisiýa eýeleýär. Munuň anyk mysaly Yragyň 1990-njy ýylda Kuweýti anneksiýa etjek bolmak synanyşygyndan hem görünýär. Bu hakykatda anneksiýanyň tasdan jar edilmegi bolupdy we Howpsuzlyk geňeşi, şol sanda, aýtmak gerek, şol wagty Sowet Soýuzy hem muňa berk garşy durdy.

RFE/RL: 1945-nji ýyldan bäri anneksiýanyň kanun esasynda, halkara derejesinde ykrar edilen halaty boldumy? Ýagny şuňa bir mysal getirip bolarmy?

Roberts: Ylalaşyk esasynda geçirilen territoriýa bar, emma bu anneksiýa däl. Ýene bu ýerde anneksiýa belli bir derejede golaý, aýdaly, Türkiýäniň demirgazyk Kiprdäki roly ýaly, käbir derejede anneksiýa çalymdaş işler bar, emma olar edil anneksiýa hem däl. Sebäbi bu ýerde interwensiýa eden döwlet gürrüňi edilýän territoriýany öz bir bölegi diýip yglan etmekligiň hatda golaýyna hem barmady. Şeýlelikde, demirgazyk Kipr hiç wagt Türkiýäniň bir bölegi diýlip jar edilmedi. Onsoň bu örän adaty däl bir ýagdaý.

RFE/RL: Bu ýerde Moskwanyň Kryma eýe çykjak bolşy ýaly bir mysal barmy, ýagny ol ýa-da beýleki ýurtlaryň ýa regionlaryň arasynda mundan ozal şeýle bir zat bolupmydy?

Roberts: Bu meselede öz aralarynda ol ýa-da beýleki görnüşde ylaşyk baglaşan, başga territoriýalardan tapawutlanmaýan köp ýurt bar. Mysal üçin, Horwatiýa belli bir döwürde horwat asylly bosniýa raýatlarynyň käbiriniň pasport alyp bilmegi, olaryň käbiriniň, mysal üçin mekdep mugallymlarynyň aýlyklarynyň horwat häkimiýetleri tarapyndana tölenmegi barada ylalaşyk baglaşdy.

Şeýdip, demirgazyk Bosniýadaky mekdep mugallymlarynyň aýlyklary horwat häkimiýetleri tarapyndan tölenildi. Emma, elbetde, Orsýetiňkä çalymdaş ylalaşyklaryň mysaly bilinmeýär, çünki Orsýet Gürjüstanyň iki regiony, Abhaziýa we Günorta Osetiýa bilen şeýle ylalaşyklary baglaşdy we bu, ýumşak aýdylanda, ol ýurduň şol territoriýalary belli derejede öz täsirine düşürmek maksadyna eýermeginiň mysaly boldy.

Şeýlelikde, bu adaty bir ýagdaý däl. Emma Orsýetiň has beter aladalandyrýan ýeri onuň goşun ibermek arkaly Krymy basyp almak babatda edýän hereketleri bilen bagly. Köplenç bolşy ýaly, basybalyjy güýçler öz basyp alýan topraklaryndaky adamlary goraýandyklaryny aýdýarlar, emma olar barybir basybalyjy güýçler bolup durýar.

Şeýlelikde, olar Krymda bu topragyň geljegini kesgitlemek üçin geçiriljek bolunýan islendik referendumyň geljekki netijelerine agyr täsir ýetirmek ahwalatyny getirýär. Onsoň bu alada goýýan bir ýagdaý, ýagny bu ýere basybalyjy güýçleriň getirilmegi we referendumy çaltrak geçirip dynmaga howlukmak, dogrusy, ol ýerde netijeli halkara gözegçileriniň bolmagyna hem ses berişlige gözegçilik etmeklerine juda az mümkinçilik galdyrýar.

RFE/RL: Eger Krym doly azat we adalatly, halkara gözegçileri tarapyndan syn edilen referendum geçirmek mümkinçiligine eýe bolsa, bu, halkara kanunçylygy nukdaýnazaryndan, onuň Orsýet federasiýasynyň düzümine birikdirilmegine we girizilmegine kanuny esas bolup hyzmat edip bilermi?

Roberts: Bu gyzykly sorag, ýöne gep şeýle zadyň bolup-bolmajagynda. Elbetde, bu Orsýetiň pozisiýasyny berkiderdi. Ýöne bu hereket etmek üçin kanuny esas hökmünde kabul edilermi ýa edilmez, hakykatda bu baradaky karar örän tapwutly bolar. Sebäbi bu dogry, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmaklyga we olaryň toprak bitewiligini synaga salmaga garşy päsgelçilikler bar. Hut şu ýagdaýlar hem biziň 1945-nji ýyldan bäri geçen tutuş döwürde eýe bolan adatdan daşary derejedäki halkara parahatçylygymyzyň esaslary bolup hyzmat etdi. Ýagny döwletler, biziň häzirki görýän ýagdaýymyzdaky ýaly, beýleki döwletleriň üstüne dyzamaga höweslendirilmedi, beýle zat goldanylmady.

Aýdaly, Orsýet güýçleriniň häzir Kryma girişini esaslandyryşyna çalymdaşlykda, Türkiýäniň 1974-nji ýylda demirgazyk Kipre interwensiýa etmegi gowy bir mysal bolup durýar. Şonda demirgazyk Kiprde dowla düşen türk ilatyny goramak meselesi orta atylypdy. Dünýä bu herekete berk garşy çykdy we, hakykatda, Howpsuzlyk geňeşiniň ähli agzasy, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi, şol sanda Sowet Soýuzy Kipriň toprak bitewiligini goldap, interwensiýa garşy ses berdi.

Ine, indi şeýle esasdaky sebäpler Krymda hem orta atylýar, halkara jemgyýetçiligi muňa garşy, interwensiýa arkaly döwletleriň bitewiligini opurmak babatdaky alada-gaýgylaryň ýerliklidigi görnetin bir zat. Bu ýerde şeýle usul bilen ähli döwletleriň düýp esaslarynyň sorag astyna düşürilmegini görmek islegi ýok.

RFE/RL: Ugurdaş sorag, Orsýetiň Gürjüstanyň, Moldowanyň, Ukrainanyň raýatlaryna pasport berşi ýaly, halkara kanunçylygynda beýleki ýurtlaryň raýatlaryna pasport paýlamak praktikasy barada aýdylan zat barmy?

Roberts: Men halkara kanunçylygynda bu sorag boýunça doly açyk-aýdyň jogap bardyr diýip pikir etmeýärin. Meniň pikirimçe, bu soragyň jogaby raýatlaryna şeýle teklip edilýän ýurtlar bilen aradaky gatnaşyklaryň derejesine ýa häsiýetine hem bagly bolup biler. Sebäbi käbir ýurtlar, öz milli kanunlary esasynda, şeýle ýagdaýda beýleki ýurtlar tarapyndan şol ýurduň pasportyny almaga höweslendirilýän raýatlarynyň başga ýurduň pasportyny almagyny bikanun diýip hem yglan edip biler.

Emma men bu ýerde haýsydyr bir umumy düzgün bardyr öýtmeýärin. Elbetde, bir adamyň birnäçe pasportly bolmagy beýle bir geň zat däl. Köp ýurtda köp adam şeýle edýär we köplenç mundan uly bir zyýan hem gelenok. Bu diňe dürli görnüşdäki goldawlar, başga bir aýratyn döwletiň aýratyn bir böleginiň beýleki döwlete birikdirilmegi üçin edilýän basyşlar bilen utgaşanda zyýanly.

RFE/RL: Krym babatda alnanda, onuň Ukrainanyň içinde awtonomiýa durumyna eýe bolmagynyň Krym hökümetiniň Orsýete goşulmak kararyna we Orsýete goşulmak mümkinçiligi barada refrendum geçirmegine nähilidir bir baglanyşygy barmy?

Roberts: Munyň käbir derejede baglanyşygy bar. Emma bu ýerde görnetin bir zat, bir ýurduň belli bir bölegi şol ýurduň federal häkimiýetleri bar wagtynda, bu ýagdaýda ol Kiýewdäki hökümet, onuň bilen maslahatlaşman ýa ondan bölünmek barada razylyk almazdan, ýa-da bu meseläni çözmek boýunça düzüwli bir prosedura hakynda geňeşmezden ýa razylaşmazdan gelnen kararyň näderejede kanuny bolup biljekdigi ullakan sorag bolup durýar.

Onsoň bu, Orsýetiň Ukrainanyň Kiýewdäki hökümetiniň mirasdüşerini düýpden ykrar etmezligi bilen, yzyna ullakan bir kynçylyk bolup öwrülip gelýär, ýogsam bolmasa olaryň öz adamlary, gyrakladylan prezident Wiktor Ýanukowiç Ukrainadan gaçyp, yzynda hökman doldurylmaly boşluk galdyrdy ahyryn.

Şeýlelikde, kanuny ýagdaý babatda aýdyňlygyň ýoklugy uly kynçylyk bolup durýar. Onsoň men bu ýerde halkara göçümçileriniň ählisine Orsýet bilen bir stoluň başyna geçip, bile oturyp gürleşmegi berk maslahat bererdim. Elbetde, bu hökmany suratda beýleki frontlarda berk gaýtawulyň bolmaly däldigi barada bir beýanat bolmaly däl. Emma Orsýet bilen bir stoluň başyna geçip oturmaly we Ukrainanyň geljegi, adamlaryň beýleki häkimiýetleri bikanun diýip ret etmegi ýagdaýynda çykmagy nukdaýnazaryndan maslahat etmeli. Ol ýerde häzir Krym üstünde emele gelen dawada praktiki taýdan ara alnyp maslahatlaşylmagyna mätäç bir topar mesele bar.

RFE/RL: Bu ýerde anneksiýa meselesi babatda halkara kanunçylygy perspektiwasyndan başga-da möhüm meseleler barmy?

Roberts: Meniň pikirimçe, beýleki möhüm meseleleriň biri Krymda halkara wekilleriniň hem bolmagy, emma ol ýerde BMG-niň ilçisi [Robert Serry] ýaly daşardan gelen adamlara haýbat atylýar. Bu bolsa öz gezeginde geljek hepdede boljak ses berişligiň azat-erkinlik häsiýetinde geçiriljegine ynanmagy kynlaşdyrýar.

RFE/RL: Halkara kanunçylygy esasynda, «adamlaryň öz ykballaryny özleriniň kesgitlemeklerine bolan özygtyýarlylyk hukugynyň» statusy näme, asla şeýle zat barmy? Onsoň ol ýerde şol «hukugyň» berjaý edilmegini amala aşyrmaga şertler nähili?

Roberts: Deň hukuklylyk we halklaryň öz ykballaryny özleriniň kesgitläp bilmekleri babatdaky ýörelgeler BMG-niň Düzgünnamasynyň 1-nji maddasynda hem birnäçe halkara düzgünlerinde jar edilen. Bu prinsipleriň hakykatda nämäni aňladýandygy we olaryň hakyky durmuş ýagdaýlarynda nähili berjaý edilmelidigi barada baryp 1945-nji ýyldan bäri gapma-garşylykly pikirler bar.

Bu maddanyň formalaşdyrylyşy, beýany bile-göre düşnüksiz ýazylypdyr. Onda has anyk terminden, aýdaly, «milli öz-özüňi kesgitlemekden» gaçylypdyr. Eger şeýle diýlen bolsa, bu her milletiň aslynda öz döwletini gurup bilmek hukugyny aňladardy. Şübhesiz, «halklaryň öz ykballaryny özleriniň kesgitlemek» prinsipi Ýewropanyň dekoloniazasiýa prosesinde, Germaniýanyň birleşdirilmeginde, 1945-nji ýyldan bärde bolan köp sanly möhüm wakalarda düýpli rol oýnady. Emma muňa garamazdan, ol köp meseleleri jogapsyz galdyrýar. Şolaryň arasynda iň aladalysy bolsa, bu hukuk haýsy halklara degişli we haýsy halklara degişli däl diýen sorag.

Bu sorag dünýäniň köp böleginde munuň adatdan daşary kyn meseledigini subut etdi we köp konfliktleriň, şol sanda soňky ýyllarda Kosowada, Sri Lankada, Gürjüstanda we Türkiýede bolan gapma-garşylyklaryň özeni boldy,

Krym barada aýdylanda bolsa, Ukrainada öz ykbalyňy özüň kesgitlemegiň umumy, tutuş ýurda degişli bir çelgisi barmy ýa-da bu diňe Kryma, krym tatarlarynyň öz ykballaryny kesgitläp bilmek hukuklaryna hem degişlimi diýen sorag orta çykýar. Ol ýerde bu soraga hemme taraply umumy jogap ýok. Şu sebäpden, eger bir özüň mamla bolmak prinsipinde gürlemän, taraplaryň ählisiniň kanuny bähbitlerini ykrar edip, çynlakaý gepleşikler geçirseň, bu meseläni çözmegiň asla ýeňil bolmadyk işleri bar.
XS
SM
MD
LG