Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: ABŞ-ly huligançylykda aýyplanýar


Gyrgyzystanyň Manas aeroportyndaky Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň harby tranzit merkeziniň işgäri huligançylyk aýyplamalary bilen tussag edildi.
Duşenbe güni Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy ýekşenbe güni Kornelius Brandeniň özüni soraga çeken gyrgyz polisiýa ofiserine hüjüm etmekde aýyplanýandygyny habar berdi.
Maglumatlara görä, şol pursat ýerli zenanyň şikaýat etmegi netijesinde polisiýa Brandeni sorag edýär eken. Branden 1985-nji ýylda Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň Monterreý şäherinde dogulypdyr.
Gürrüňi gidýän ýerli zenan Brandeniň pul berip, özi bilen zorluk esasynda jynsy gatnaşyk etmäge synanyşandygyny aýdýar.
Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, Branden soraga çekilende içgili eken we ol şol pursat polisiýa merkezindäki stoly döwüp, polisiýa ofiseriniň eşigindäki nyşanlaryny goparypdyr.
XS
SM
MD
LG