Sepleriň elýeterliligi

Kabul: “Talyban” haýbat atýar


“Talyban” hereketi Owganystanda 5-nji aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryny nyşana almaga wada berýär.
Gürrüňi edilýän topar duşenbe güni email, ýagny elektron görnüşde habar gulluklaryna ýaýradan beýanatynda “biz mujahedlerimiziň, kiçi toparlarymyzyň ählisine öňümizdäki ýasama saýlawlaryň bulaşdyrylmagy üçin bar güýjüni ulanmaklary üçin tabşyryk berdik” diýilýär.
Gürrüňi edilýän hereketiň metbugat wekili Zabihullah Mujahid “Talyban” tutuş ýurtdaky ruhanylara ýurtda geçiriljek saýlawlaryň “amerikan dildüwşigidigini” wagyz etmegi tabşyrandygyny aýtdy.
Beýanatda “Talyban” söweşijileriniň “ähli işgärleri, aktiwistleri, halky saýlawlara gatnaşmaga çagyrýanlary, howpsuzlyk enjamlary we edaralary nyşana aljakdygy” bellenilip, owganlaryň ses bermäge gatnaşyp özlerini howp astyna salmak ýerine olaryň ses bermekden gaça durmaklary üçin çagyryş edilýär.
Owganystanda 2009-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda parahat ilatdan azyndan 31 adam we 26 polisiýa işgäri we esger öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG