Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan, Kosowa resmileri duşuşýar


Pakistanyň prezidenti Kosowa bilen Yslamabadyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek üçin kosowaly we pakistanly kanun çykaryjylaryň, talyplaryň we ýaşlaryň arasynda alyş-çalyş programmalary geçirmäge we hyzmatdaşlyk etmäge çagyryş etdi.
Bu barada Mamnun Husain duşenbe güni Kosowanyň daşary işler ministri Enwer Hodjaý Yslamabada baran mahaly belläp geçdi.
Mamnun “Hodjaýyň sapary iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlarda, şol sanda syýasy, ykdysady, söwda, medeniýet we bilim pudaklarynda ösdürmäge mümkinçilik döreder diýip umyt edýärin” diýdi.
Yslamabat Kosowanyň garaşsyzlygyny resmi taýdan 2012-nji ýylyň dekabr aýynda ykrar edipdi.
XS
SM
MD
LG