Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl: Palestinaly öldürildi


Ysraýylyň harbysy ýurduň goşuny palestinaly bir adamy atyp öldürdi diýýär. Maglumatlarda öldürilen bu adamyň ysraýylly esgeriň ýaragyny zor bilen almaga synanyşandygy aýdylýar.
Bu waka duşenbe güni Günbatar kenaryň we Iordaniýanyň arasyndaky Allenbi araçäginde ýüze çykdy.
Palestinanyň howpsuzlyk resmileri heläk bolan adamyň 38 ýaşyndandygyny we onuň Günbatar kenardaky Nablus şäheriniň ýaşaýjysydygyny mälim etdiler.
Şeýle wakalar Günbatar kenarda we Iordaniýada seýrek duş gelýän ýagdaý diýlip häsiýetlendirilýär. Bu waka ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň araçylyk etmek ugrundaky tagallalaryna garamazdan, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk prosesiniň çykgynsyz ýagdaýa düşen mahalyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG