Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiý täze ukrain resmilerini goldaýar


Russiýanyň öňki nebit tütjary Mihail Hodorkowskiý Kiýewde talyplaryň öňünde eden çykyşynda Moskwanyň Ukrainanyň gündogary babatda alyp barýan çäreleri iki ýurduň adamlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary erbetleşdirýär diýdi.
Hodorkowskiý “adalatyň rewolýusiýasy” olary häkimiýet başyna getirdi diýip, Ukrainanyň täze hökümetine goldawyny mälim etdi. Ol “Ukraina Ýewropanyň bir ýurdy bolmaly” diýdi.
Hodorkowskiý munuň amala aşmagy üçin hem daşary ýurduň sermaýasynyň gerekdigini, korrupsiýanyň ýok edilmelidigini we halkara goldawyň bolmalydygyny sözüne goşdy.
Mihail Hodorkowskiý 2003-nji ýylda Russiýada salgyt galplyklary we beýleki aýyplamalar bilen tussag edilipdi. Ol geçen ýylyň dekabr aýynda amnistiýa esasynda azatlyga goýberilipdi.
XS
SM
MD
LG