Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Krymda aktiwistler we žurnalistler ýitirim boldy


Orsýete tarapdar güýçleriň gözegçiligindäki barlag nokady, Armýansk, 6-njy mart, 2014.

Orsýete tarapdar güýçleriň gözegçiligindäki barlag nokady, Armýansk, 6-njy mart, 2014.

Krym ýarymadasynda Orsýete garşy çykyş edýän aktiwistlerden we žurnalistlerden azyndan bäş adam ýitirim boldy.

Krymyň Ukraina geňeşiniň başlygy Andriý Sçekun we Simferopolda ukrain mekdebiniň hossarlyk geňeşiniň müdiri Anatoliý Kowalskiý Orsýetiň Krym ýarymadasyny basyp almagyny ýazgaryp, aktiw çykyş edipdiler.

Olaryň 9-njy martda Simferopolda Orsýetiň okkupasiýasyna garşy öz gurnan ýörişiniň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýitirim bolandygy habar berilýär.

AÝ/AR-a gowşan maglumatlara görä, Sçekun we Kowalskiý Simferopolyň demirýol wokzalynda saklanypdyrlar. Olar Kiýewden iberilen düwünçegi almak üçin wokzala baran ekenler.

“Ors birleşigi”

Özlerini Krymyň täze, orsýetparaz premýer-ministri Sergeý Aksýonowyň ýolbaşçylygyndaky “Ors birleşigi” atly partiýasynyň agzalary diýip tanadan birnäçe adam Sçekuny we Kowalskini başda yzarlapdyrlar, soňam olary tutup, demirýoluň polisiýa bölümine eltipdirler.

Polisiýanyň ofiseri aktiwistleriň tussag edilýändigini aýdansoň, aktiwistler adamlaryň başga bir topary tarapyndan näbelli tarapa äkidilipdir.

Krymyň prokuraturasy olaryň ýitirim edilmegi boýunça jenaýat işini gozgady.

Ukrainanyň internet neşiri bolan “Žurnalistik derňewler merkezi” ýitirim edilen iki aktiwistiň urlup-ýenjilendigini we olary tussag etmek barada Aksýonowyň hut özüniň görkezme berendigini habar berdi.

Krymyň parlamentiniň spikeriniň orunbasary Hryhoriý Ioffe Sçekunyň 9-njy martda “Ors birleşigi” atly partiýanyň edarasyna gysga wagtlyk eltilendigini tassyklady.

Kowalskiniň ogly Serhiý Kowalskiý aktiwistleriň ikisiniň-de Simferopolda gizlin bir ýerde saklanýandygyny aýtdy.

Ýitim bolan zenan aktiwistler

Şeýle-de 9-njy martda ukrainaly iki žurnalist we Ýewropa bilen ýakynlaşmak hereketinden bolan protestçileri goldaýan “Awtomaýdan” atly ulag sürüjiler toparynyň metbugat wekili Krymyň demirgazygynda ýerleşýän Armýansk şäheriniň üsti bilen ýarymada barmakçy bolanda ýitirm bolupdyr.

“Ukrain hepdeligi” atly neşiriň habarçysy Olena Maksymenko, garaşsyz bloger Oleksandra Rýazantsewa we “Awtomaýdan” hereketinden Kateryna Butko mobil telefonlaryna edilýän jaňlara jogap berenoklar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Ukrainada protestleriň başlanmagyndan soň adam hukuklaryna garşy hereketleri hasaba almak üçin döredilen “Ýewromaýdan SOS” atly raýat inisiatiw toparyna görä, zenan aktiwistler “Berkut” atly ýöriteleşdirilen polisiýanyň ýerli bölümi tarapyndan tussag edilipdirler.

“Ýewromaýdan SOS” agzalan zenanlary Sewastopolyň döwlet howpsuzlyk gullugynyň ofiserleri saklaýarlar diýip pikir edýär.

Krymyň barlag-geçiş nokatlarynda başga-da käbir žurnalistleriň saklanandygy barada tassyklanmadyk maglumatlar gowuşýar.

XS
SM
MD
LG