Sepleriň elýeterliligi

Malaziýa: Ýiten uçaryň ýolagçysynyň şahsyýeti anyklandy


Malaziýanyň polisiýasynyň başlygy geçen hepdede ýitirim bolan malaziýaly uçara galp pasportlar bilen münen iki adamdan biriniň baş pena gözleýän 19 ýaşly eýranlydygyny aýtdy.

Tan Sri Halid Tan Sriniň sişenbe güni Kuala Lumpurda žurnalistlere aýtmagyna görä, agzalan adamyň Germaniýa aşmagy planlaşdyrandygy we hiç bir terrorçy toparyň agzasy bolmandygy hasap edilýär. Ogurlanan pasport bilen uçara münen ikinji adamyň şahsyýeti heniz anyklanýar.

Munuň bilen bir wagtda üç gün ozal ýitirim bolan uçary tapmak boýunça gözleg işleri dowam etdirilýär. 239 adamly bu uçary gözlemek boýunça Aziýa we Ýuwaş okean regionynyň 10 ýurdunyň 100-e golaý gämisi we uçarlary Günorta Hytaý deňzinde gözleg işlerini geçirýärler. Häkimiýetler gözleg geçirýän giňişligini duşenbe güni ýaýbaňlandyrdylar.
XS
SM
MD
LG