Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Gazagystan: Ukraina barada maslahat edildi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama duşenbe güni Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen Ukrainadaky wakalar barada gepleşik geçirdi.

Ak Tamyň aýtmagyna görä, Obama Nazarbaýewi Ukrainada Orsýetiň goşunlarynyň Krym ýarym adasyny okkupirlemegi bilen bagly krizisden parahatçylykly çykalga tapmak ugrunda aktiw rol oýnamaga çagyrypdyr. Iki lideriň Ukrainadaky krizisy parahatçylykly çözmek boýunça umumy gyzyklanmasyny tassyklandygy we garaşsyzlyk hem territorial bütewilik prinsipleriniň ähmiýetini nygtandygy aýdylýar.

Duşenbe güni Nazarbaýew Ukrainadaky krizis barada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen hem gepleşdi. Sişenbe güni Nazarbaýewiň Moskwa sapar edip “möhüm halkara meselelerini” maslahat etmegine garaşylýar. Gazagystanyň prezidentiniň websaýtynda Nazarbaýewiň Putiniň Ukrainadaky milli azlyklaryň hukuklaryny goramak boýunça pozisiýasyna goldaw bildirendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG