Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda öňki meýdan komandiri jaýlandy


Owganystanyň wise-prezidenti Mohammad Kasim Fahimiň jaýlanyş çäresi geçirildi. Fahim ýekşenbe güni 57 ýaşynda tebigy sebäplerden aradan çykdy.

Sişenbe günki hoşlaşyk çäresi Goranmak ministrliginde başlandy, soň prezident köşgünde hökümet resmileriniň, daşary ýurtly wekilleriň we diplomatlaryň gatnaşmagynda dowam etdirildi. Prezident Hamid Karzaý Fahimiň öz ýurduna eden hyzmatyna hormat bildirdi we onuň ölüminiň ýurt üçin uly ýitgi bolandygyny aýtdy.

Täjik milletli Fahim “Talybana” garşy söweşen toparyň baş ýolbaşçysy bolup, ýurduň iň ýowuz meýdan komandirleriniň biri hasaplanýardy. Fahim Owganystanyň prezidentlik saýlawlaryna birnäçe hepde galanda aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG