Sepleriň elýeterliligi

Migrantlaryň maksatlary başa bardymy?


Türkiýedäki migrant işçi

Türkiýedäki migrant işçi

Türkiýe türkmenistanly migrant işçileriň köpçülikde ýerleşýän ýurtlaryndan biri bolup, munuň dürli sebäpleri bar. Olaryň käbirleri: türk diliniň türkmenlere ýakyn bolmagy, şeýle-de türkmen raýatlarynyň Türkiýä wiza alman, belli bir wagt ol ýerde galyp bilmegi.

Elbetde, munuň syýasy sebäpleri hem bar, meselem haçanda iki ýurduň ýolbaşçylary duşuşanda, olar Türkmenistan bilen Türkiýäniň “iki döwlet, bir milletdigini” aýdýarlar.

Netijede häzirki döwürde Türkiýede işleýän türkmenistanly migrantlaryň sany on müňlerçe diýlip çaklanylýar.

Göz öňünde tutulan wiza möhledi gutaransoň, işçi migrantlaryň aglabasy ýurda gaýdyp salmazlar, ýa Türkmenistandan çykarmazlar diýen gorkulary sebäpli, Türkiýede bikanun ýaşamaga galýarlar.

Şol türkmenler Türkiýäniň ýoluny tutanda hersiniň öz maksady bardy, biri jaý saldyrjak diýip çykan bolsa, beýlekisi oglumy, inimi okatjak, ýene bir bolsa inimi we agamy öýlendirjek diýen ýaly maksatlar bilen Türkiýä gaýdypdylar. Eýsem şol maksatlara ýetildimi, bu aýralyk, çekilen şol jebir-jepa degdimi?

Gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda, ynha şu tema hakda gürrüň etmekçi. Bu barada siz hem öz pikiriňizi aýtmakçy bolsaňyz, aşakdaky forumdan peýdalanyň, eger gepleşigimize gatnaşmak isleseňiz, bize hat ýazyň, siziň bilen özümiz habarlaşarys, adresimiz: hat@azatradio.org

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG