Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç Kiýewe dolanjagyny aýdýar


Ukrainanyň häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezidenti Wiktor Ýanukowiç özüniň henizem ýurduň prezidentidigini we ýurduň ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysydygyny aýtdy.

“Men Ukrainanyň diňe bir ýeketäk kanuny prezidenti bolman, şeýle-de ýaragly güýçleriniň baş ýolbaşçysydygymy her kime ýatlatmak isleýärin”, diýip Ýanukowiç aýtdy.

Orsýetiň Rostow-na-Donu şäherinde eden bu gysga çykyşynda Ýanukowiç ýurduň ýaragly güýçleriniň “islendik jenaýatçylykly buýruklara” boýun bolmakdan ýüz öwürjegine özüniň ynanýandygyny aýtdy we howpsuzlyk ýagdaýynyň gowulanan badyna ýurda dolanyp barjakdygyny mälim etdi.

Ýanukowiç maý aýyna bellenen prezidentlik saýlawlaryny bikanun diýip atlandyrdy we Krymyň Ukrainanyň düzüminden çykmakçy bolmagynyň häkimiýet başyndaky “ekstremistleriň” ýalňyş hereketi bilen baglydygyny belledi. Ýanukowiç 28-nji fewraldan bäri köpçüligiň öňünde ikinji gezek çykyş edýär.
XS
SM
MD
LG