Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystan: Prezidentiň orunbasary aradan çykdy


Kasym Fahim. Sentýabr, 2011 ý.

Kasym Fahim. Sentýabr, 2011 ý.

Owganystanyň prezidentiniň birinji orunbasary Kasym Fahim käte agzalalyga sebäp bolardy. Ýöne her niçigem bolsa, onuň aradan çykmagy owgan syýasatynda boşlugyň döremegine getirdi. Üstümizdäki aýlaryň Owganystan üçin aýratyn syýasy ähmiýeti bar.

Owganystanyň viseprezidenti Kasym Fahim agzybirligi saklap bilmeýärdi. Emma bir topar oňşuksyzlyklaryň sakasynda dursa-da, ol ili öz agzyna garatmagy başarardy.

Ol ozallar jeň meýdanynda söweşerdi. Öz döwründe Kasym Fahimiň ady yzygiderli ýagdaýda: adam hukuklaryny kemsitmeklik, korrupsiýa we uly göwrümli neşe söwdasy bilen ilteşikli tutulardy. Rehimsizlikde ile ýakasyny tanadan Fahim käte ýörite meýletinçiler toparyny döredip, öz kellesiniň ugruna hereket edibererdi.

"Jebisleşdiriji güýç"

Aňyrsy etniki täjiklerden gaýdýan Kasym Fahim agzalalyga sebäp bolsa-da, täsin paradoks, ol Owganystanda jebisleşdiriji güýç bolup hyzmat etdi. Bu döwlet resmisi Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaý bilen oppozisiýanyň arasyndaky kadaly gatnaşyklara uly goşant goşdy. 2001-nji ýylda “Talyban” hökümeti agdarylanyndan soň Kasym Fahimi ozalky “Demirgazyk hyzmatdaşlary” toparynyň düzümine girýän garşydaşlaryň arasyny sazlamakda aýratyn ähmiýetli jogapkärçiligi öz üstüne aldy.

Onuň 9-njy martda ýüreginden tutup tarpa-taýyn aradan çykmagynyň owgan häkimiýetleri bilen olaryň günbatar hyzmatdaşlarynyň arasyna tow salmagy ahmal. Syýasy näbellilikleriň bosagasyndaky Owganystanda aýratyn ähmiýetli etniki lideriň aradan çykmagy düşünişmezlikleriň tutaşmagyna getirip biler diýilýär.

Fahimi örän ähmiýetli syýasy geçişiň bosagasynda biwagt aradan çykdy. 5-nji aprelde owganlar ilkinji gezek demokratiki saýlawlaryň datly tagamyndan dadyp özleriniň täze prezidentini saýlarlar. Owganlaryň şu wagta çenli görmedik güni galmady. Birleşen Ştatlaryň baştutanlygyndaky Halkara güýçleriň 2014-nji ýylyň ahyrynda Owganystandan çykmagy ýurtda syýasy düşünişmezliklere, dawa-jenjellere we oňşuksyzlyklara ýol açaýmasyn diýlip, ýurtda demokratiki saýlawlar geçirilýär.

Fahimiň täsiri

Kabuldaky garaşsyz barlag guramasy bolan “Owganystan analiz” merkeziniň direktory Tomas Ruttig Fahimiň owgan syýasatyndaky täsirini şeýle düşündirýär: “Saýlawlaryň öňisyrasynda Owganystanyň syýasy ösüşinde uly boşluk dörär. Sebäbi ýurtdaky etniki täjik toparlarynyň baştutany hökmünde Fahimiň orny boşady. Boşan orny kimiň doldurjagy, nädip doldurjagy welin belli däl. “Jamiaty Yslam” ýa-da beýleki meňzeş toparlaryň ýolbaşçylygy ugrunda mydama-da şular ýaly bäsleşik bolup gelýär”.

“Jamiaty Yslam” toparynda, esasan, etniki täjiklerden düzülen yslamçy partiýadyr. Olar ozal Sowet Soýuzyna garşy, soňra bolsa “Talybana” garşy göreş alyp bardylar.

Ruttigiň aýtmagyna görä, Kasym Fahimiň ornuny, ozal parlamentiň metbugat wekili bolup işlän Kunus Kanuni ýa-da Sowet goşunyna garşy amansyz göreşen we 2001-nji ýylda öldürilen Ahmet Şa Mesudyň dogany Ahmet Ziýa Mesud eýelär diýip çaklanylýar.

“Täze Amerika” bileleşiginiň Orta Aziýa boýunça bilermeni Omar Samad Fahimiň “syýasy jebisleşdiriji” häsiýeti barada gürrüň berýär. Omar Samad Owganystanyň Kanadada we Fransiýada ilçisi bolup işläpdi.

2009-njy ýylda Hamit Karzaý täzeden prezidentlige saýlananda, owgan we amerikan resmileri Fahimi araçy we töwellaçy edip saýlapdylar. Sebäbi şol döwürler prezidentiň täzeden saýlanmagynda galplyk boldy diýlen gürrüň halk arasynda giňden ýaýrapdy. Saýlawyň ikinji tapgyrynyň başlamagynyň öň ýanynda, Kasym Fahimiň ara girmegi bilen, Karzaýyň garşydaşy Abdylla Abdylla kandidatlygyny yzyna aldy we ýeňlişini kabul etdi.

"Onuň käbir aýratynlyklary, mysal üçin, onuň sektant syýasatyndan (sektalaýyn syýasat düşünjesinden) üzňeligi, onuň jebisleşdiriji häsiýeti, şeýle-de onuň sosial we syýsy deňlik ugrunda iş alyp barmagy küýseler”.

Saýlawlar

5-nji aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Fahimiň rolunyň nämedigi näbelliligine galýar. Owgan metbugatyndan gelip gowuşýan habarlara görä, käbir dalaşgärler, onuň “täjikleriň berjek seslerine” täsir edip bilmek mümkinçiligini göz öňünde tutup, Fahimden araçylyk sorapdyrlar diýilýär.

Kasym Fahimiň şu hepde dalaşgärlikden çekilen Kaýum Karzaý (Hamit Karzaýyň agasy) we etniki täjiklerden bolan Abdylla Abdylla bilen arasynyň saz bolandygy aýdylýar.

Fahimiň feldmarşal harby çini bardy we birnäçe gezek onuň janyna kast etmek synanyşyklary boldy. Iň soňky sapar 2009-njy ýylda demirgazyk Owganystanda onuň janyna kast etmäge synanyşyldy.

Karzaý ilkinji sapar hökümet başyna geçende, Fahim goranmak ministri wezipesine bellenildi. Aradan çykmazyndan öň ol prezidentiň birinji orunbasary wezipesinde işleýärdi. Ýöne Kasym Fahim il içinde, esasan, “Demirgazyk hyzmatdaşlygyndaky” komandirlik wezipesi bilen ýatlanar. 2001-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň Owganystana çozup girmegi bilen “Demirgazyk hyzmatdaşlygy” “Talyban” režimini hökümet başyndan çetleşdiripdi.

XS
SM
MD
LG