Sepleriň elýeterliligi

Owgan türkmenleri: “Talybany” Türkmenistana geçirmeris”


"Talybana" garşy göreşýän owganystanly etniki türkmenler.

"Talybana" garşy göreşýän owganystanly etniki türkmenler.

Türkmen-owgan araçäginde elleri “kalaşnikow” awtomatly, granatomýotly graždan eşigindäki adamlaryň bir topary bu sebiti, hususan-da Türkmenistana barýan serhedi, “Talyban” hereketiniň söweşijilerinden goraýandygyny aýdýar.

Türkmenistan bilen serhetden 1 km-den hem ýakyn aralykda ýerleşýän Owganystanyň Farýab welaýatynyň Karkin etrabyndaky ýaragly adamlaryň bu toparyna Gurbandurdy atly bir türkmen ýaşulusy ýolbaşçylyk edýär.

Ozal hem meýdan komandiri bolan Gurbandurdy özüniň aglaba etniki türkmenlerden düzülen 120 adamlyk topary bilen bu sebitde ornaşmakçy bolýan “Talyban” we beýleki söweşiji toparlaryň wekillerine gaýtawul beýändigini, söweşip, olary yza tesdirýändigini gürrüň berýär.


Şeýle-de Gurbandurdy sebitiň Türkmenistan bilen serhetdeş böleklerinde ýörite gorag nokatlaryny döredip, ol ýerlerde öz adamlaryny ýerleşdirendigini hem nygtaýar.

“Wadalaryny tutsunlar...”

Gurbandurdy özünden mundan alty aý töweregi ozal “Talybana” garşy durmak üçin ýaragly topar döredip, oňa baştutanlyk etmegiň soralandygyny, emma ilkibaşda bu teklipden ýüz öwrendigini aýdýar.

Şoňra ol özüniň ýerli resmileriň, ýaşulularyň töwellasy bilen bu “wezipä” girişendigini, ýöne şondan bäri wada edilen hiç bir hemaýatyň berilmeýändigini, diňe öz hasaplaryna, hiç bir goldawsyz hereket etmeli bolýandyklaryny aýdýar.

Gurbandury derýanyň joşup, sebiti suw alandygyny, adamlaryň öýsüz-öwzarsyz galandygyny, ekin meýdanlarynyň harap bolandygy nygtaýar. Bir wagtlar türkmenistanly resmileriň bu derýanyň joşmasy bilen bagly hemaýat bermegi wada edendiklerini, emma häzire çenli ne ýerli resmilerden, ne-de “söz beren” türkmen wekillerinden hiç bir kömegiň bolmandygyny aýdýar.


Bu toparyň harby komandirleriniň biri Nurjan bolsa, özlerini “gaýgyrman” türkmen serhedini goraýandyklaryny, muňa garşylyk hökmünde türkmen resmileriniň “boş wadalardan” iş ýüzünde hemaýat bermeklerini soraýandyklaryny janygyp gürrüň berýär.


Toparyň agzalarynyň başga biri, saç-sakgaly agaryp giden türkmen ýaşulusy gartaşan ýaşyna garamazdan, türkmen serhediniň goragy diýlende, eline ýarag alandygyny, türkmenistanly “ganybirleriniň” hem ýerli adamlaryň meseleleri, hususan-da derýanyň joşmasy bilen bagly kömek bermeklerini soraýandygyny aýdýar.


Gurbandurdy komandiriň baştutanlygyndaky owganystanly etniki türkmenleriň wekilleri ýaraglaryny eginlerinden düşürmän, öz gündelik gorag nobatlaryna girişýärler.

Ýatladyp geçsek, Owganystan bilen Türkmenistanyň araçäginiň uzynlygy 744 kilometre deňdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG