Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalary surnukdurýan mekdep ýoly


Mary welaýatynyň Serhedabat etrabyndaky Saryja maldarçylyk daýhan birleşigine degişli mekdep
Mary welaýatynyň Serhedabat etrabyndaky Saryja maldarçylyk daýhan birleşigine degişli mekdep
Mary welaýatynyň Serhedabat etrabynyň Saryja maldarçylyk daýhan birleşiginiň ilaty üçin, haçan-da bu ýerde täze mekdep gurlup ulanmaga berlende, obanyň durmuşynda ullakan waka bolupdy.
2012-nji ýylda täze mekdebiň dabaraly açylyşy bolanda, oňa diňe bir ýerli ýolbaşçylar gatnaşman, bu dabara hatda Türkmen telewideniýesinden hem habarçylar gelip, dabarany surata düşüripdiler.
Obanyň ozalky köne mekdebi çagşap, ýykylmagyň bäri ýanynda bolansoň, täze mekdep gurlanda, oba ilaty üçin bu ullakan sowgat bolupdy. Sebäbi öňki mekdep binasynyň islendik wagt öz-özünden ýykylmak howpunyň bardygyny Saryja obasynyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýaşaýjylary gürrüň berýärler.
Uzakdaky mekdep
Ondan bäri aradan iki ýyl geçdi. Emma mekdebiň binasy täze we döwrebap hem bolsa, ilat üçin bu mekdep bilen bagly täze bir kynçylyk döredi. Bu kynçylyk mekdebiň obanyň ýerleşýän ýerinden uzakda gurlup, mekdep bilen arada-da kadaly transport gatnawynyň göz öňünde tutulmanlygy bilen bagly.
Onsoň bu ýagdaý, esasanam, sowuk howada çagalary köseýär, hatda howa aşa sowanda çagalaryň aglabasynyň mekdebe gatnamaýan halatlarynyň hem bolýandygyny oba adamlary gürrüň berýärler.
Transport gatnawy
Ulag düýpden ýok däl, emma günde iki wagtyna gidip gelýän awtobus howanyň maýyl wagty kadaly işleýän hem bolsa, gyş aýlarynda bu tertip bozulýar. Oba bilen mekdebiň arasy bolsa takmynan 3-4 km, üstesine-de oba bilen mekdebiň arasynda çöllük, gum depeleri bar.
Mary welaýatynyň Serhedabat etrabyndaky Saryja maldarçylyk daýhan birleşigine degişli mekdep
Mary welaýatynyň Serhedabat etrabyndaky Saryja maldarçylyk daýhan birleşigine degişli mekdep
Mekdebiň näme üçin uzakda gurlandygy hakda resmi taýdan hiç hili maglumata duş gelip bolmady. Emma obalylaryň aýtmaklaryna görä, derýanyň kenarynda ýerleşýän obany suw almak howpunyň barlygy üçin mekdep obadan uzakda gurlupdyr.
Plana görä, oba ýaşaýjylaryna hem mellek ýerleri paýlanyp, şol mekdebiň töweregine göçürilmeli ekeni, emma aradan iki ýyl töweregi wagtyň geçendigine garamazdan, bu ugurda henize çenli täzelik ýa uýtgän zat ýok.
Onsoň çagalaryň ençemesi her gün 4-5 kilometerlik ýoly kesip mekdebe gatnamaly bolýarlar. Häkimiýetler tarapyndan üznüksiz üpjün edilmeli awtobus hem düzüwli işlemänsoň, bu ýagdaýdan hususy awtobuslary bolan käbir biznesmenler peýdalanýarlar.
40 teňňe ýol kireý
Hususy awtobuslara edilýän çykdajylar welin, gün-güzarany maldarçylyga bagly daýhan maşgalalar üçin az pul däl. Sebäbi şol awtobuslarda gatnaýan çagalar ýoluň diňe bir ugruna 20 teňňe töleýärler. Bu hem ýoluň iki tarapyny hasaba alanyňda 40 teňňe bolýar. Her maşgalada diýen ýaly mekdebe gatnaýan azyndan iki çaga bar.
Onsoň girdejisi çäkli käbir maşgalalaryň öz çagalarynyň awtobusa tölemeli ýol kireýini, wagtynda gurby çatman, diňe aýyň soňunda hasaplaşmaga mejbur bolýan wagtlarynyň seýrek däldigini geň görübem oturmaly däl.
Çagalaryň naharlanyşy
Gatnaw bilen bir hatarda mekdepde okuwçylar üçin hiç hili elýeterli naharhanalar, ýa bolmasa arakesmede garbanar ýaly ýerler göz öňünde tutulmandyr. Täze görkezme boýunça bolsa 6 ýaşynda okuwa başlaýan çagalar üçin aýratyn naharhana we hajathanalar gurulmaly edilipdir. Netijede çagasy şol mekdebe gatnaýan saryjalylar çagalaryna ýany bilen çörekdir, somsa-gutap berip mekdebe ugradýarlar.
Mekdebiň obadan şeýle uzakda gurulmagyna sebäp bolan suw basmak gorkusy bolsa obada henizem bar. Häzirlikçe suwuň joşup, obada has uly weýrançylyklara getiren gezekleri bolmasa-da, oba ilaty sil gelmeginden howatyr edip, diňe çäkli we gündelik güzerany bilen ýaşaýar.
Obanyň çagalarynyň ählisi bolmasa-da, başarany her gün uzak ýol kesip, mekdebe gatnamagy dowam etdirýärler. Bu ýagdaýyň haçana çenli dowam etjegi hakda hiç kimde hiç hili maglumat ýok.
Saryja maldarçylyk daýhan birleşigi Mary welaýatynyň Serhedabat etrabyna degişli bolup, onuň jemi ilat sanynyň 1500-2000 töweregidigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG