Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiçiň öňki egindeşi tussag edildi


Ukrainanyň Harkiw regionynyň öňki häkimi Kiýewde öý tussaglygynda saklanýar. Ukrainanyň paýtagtynyň sudunyň sişenbe güni çykaran kararyna görä, Mihaýlo Dobkin özüne garşy geçirilýän derňewler tamamlanýança öý tussaglygynda bolmaly.

Duşenbe güni öýlän Kiýewde tussag edilen Dobkin ýurduň territorial bütewiligini bozmakda we merkezi häkimiýeti gowşatmaga köpçüligiň öňünde çagyryş etmekde güman edilýär.

Öň häkimiýet başynda bolan “Regionlar partiýasynyň” agzasy Dobkin Ukrainanyň täze häkimiýetleri tarapyndan maý aýynyň aýagynda geçiriljegi yglan edilen prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak planlaryny şu aýyň başynda yglan etdi. Dobkin suduň çykaran karary barada arz etjegini aýtdy.

Öň häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezident Wiktor Ýanukowiçiň ýolbaşçylygynda bolan “Regionlar partiýasynyň” agzalary Dobkiniň tussaglygyny syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrdylar.
XS
SM
MD
LG