Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daglar hem-de adamlar


Türkmenistan
Türkmenistan
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň mundan 43 ýyl ozal Aşgabatda ýazan "Daglar hem-de adamlar" goşgusy.

"Men, men diýip daga köňül bagladym,
Seni görüp, kiçiligme agladym…"

Gurbannazar Ezizow.

Aýlaw sany ýiten pelegiň çarhyn
Sagadyň dilleri ýadyňa salýa.
Nobatyn geçiren ýene bir gije
Wagtyň bazaryna ömrüni salýa.

Soňra tebigatyň elwan baýdagy
Şapak bolup gündogary gaplaýa.
Şapagyň şöhlesi gögüň göwsüni
Düzüm-düzüm monjuklardan saplaýa.

Dymma daglaň kebzesinden ýapyşyp,
Gün agraslyk bilen galýa ýerinden…
Dyma-dyma halys bolan daglaryň
Ak giripdir müň gowgaly serinden.

Serinden ak giren agras daglaryň
Müň gowgaly seri asmana ýetýä.
Jülgeler bugarýa toý gazany deý…
Birdenem toý ýitýä, märeke ýitýä.

Toý deregne peýda bolýa sowallar,
Märekäň deregnem sowallar tutýa.
(Mydam täleý bilen başa-baş adam
Ne deňleşýä, ne utulýa, ne utýa).

Ýaş başyma endik bolan dymmagy
Gara daşly gara dagdan öwrendim.
Bu gün welin gözüm düşüp daglara,
Durşum bilen soraglara öwrüldim:

Hany, gür bersene, aýtsana, dagym,
Aýt, nämüçin agyr seniň taryhyň?
Belki, onsoň ýazgararyn azajyk,
Belki, onsoň ýetirerin tarypyň.

Hany, gür bersene ganym atynyň
Daşyňda yz goýup geçen ýerinden.
Şonda nädip çydap bildiň, nämüçin
Daş bolup ýagmadyň depelerinden?

Üstünden ganymyň düşende ýoly,
Nädip para-para bolmady daşyň?
Neneňsi siňdirip bildiň ýesirleň
Yzyna delmuryp döken gözýaşyn?

Haýsy kemeriňden ötüp "gyzylbaş"
Pyragyň mekanyn saldy weýrana?
Goly bagly, kalby dagly şahyry
Haýsy ýodaň alyp gitdi Eýrana?

Hüňkara aldyryp Göroglyn başyn,
Haýsy gowagyňda bagryň dilindi?
Tyg göwsünden parran geçen Gyratyň
Nagrasyndan haýsy jülgäň elendi?

Hany, töweregňe göz aýla, dagym --
Agyr taryhyňa aglaýan känmi?
Ozalam gözýaşyň ýeterlik ahyr,
Bu günki damjalar artykmaç dälmi?

(Mydam adam bilen başa-baş täleý
Ne deňleşýä, ne utulýa, ne utýa).
Daglaň geçmişine aglaýa adam,
Dag bolsa adamlaň ýasyny tutýa.

Aşgabat, 1971 ý.
XS
SM
MD
LG