Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SRG: Türkmenistan internediň duşmany


"Serhetsiz Reportýorlar" guramasynyň logotipi
"Serhetsiz Reportýorlar" guramasynyň logotipi
“Serhetsiz Reportýorlar” guramasy internet senzurasyna garşy bütindünýä gününe gabatlap, “Internetiň duşmanlary” atly täze hasabatyny ýaýratdy. 2014-nji ýyl boýunça internetiň duşmanlarynyň bu sanawynda ISS World, Milipol we Jenaýataçylyga garşy tehnologiýalar atly gözegçilik tehnologiýalary agzalýar.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň hasabatynda Türkmenistanda we ýene birnäçe ýurtlarda internet infrastrukturasynyň hökümetiň gözegçiligindeliginiň onlaýn informasiýanyň üstünden gözegçiligi has aňsatlaşdyrýandygy aýdylýar.
Hasabatda Türkmenistandaky ýagdaýa infrastrukturanyň howply monopoliýasy diýen bölüminde syn berilýär.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Ýewropa we Aziýa boýunça bölüminiň müdiri Ýohan Bir Türkmenistanda internetiň “Türkmentelekomyň” gözegçiliginde galýandygyny belledi: “Ol ýerdе intеrnеtе girеnlеr bada-bat bir zada, “Türkmеntеlеkomyň", ýurduň esasy tеlеkommunikasiýa kompaniýasynyň informasiýanyň ähli garaşsyz wе oppozisiýa çеşmеlеrini pеtikländiginе göz ýetirýärlеr. Onsoň, intеrnеtе girip bilýän azlyk hеm intеrnеtiň örän ýokary dеrеjеdе elеkdеn gеçirilеn görnuşinе, dot türkmеn nеtе girip bilýär”.

Ýohan Bir Türkmenistany maglumat elýeterliligi ugrundan gara deşige deňedi:
“Türkmеnistan habarlar wе maglumat üçin gara dеşikliginе galýar, bu ýerdе intеrnеt sеnzurasy hеniz oňa baglanmankaň, gadaganlyk nyrhlaryň wе hiliň juda ýaramazlygy sеbäpli başlanýar. Şеýlеlikdе, ilatyň 10 prosеntindеn hеm az bölеginiň intеrnеt elýetеrliligi bar”.
Türkmenistan, Siriýa, Wýetnam we Bahreýn ýaly ýurtlarda internet infrastrukturasynyň hökümetiň gözegçiliginde bolmagynyň onlaýn informasiýa gözegçiligini has aňsatlaşdyrýandygy “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň hasabatynda nygtalýar.
Siriýada we Eýranda internet elýeterliligi demonstrasiýalaryň dowamynda çürt-kesik çäklendirilipdi we bu protest çykyşlarynyň güýçlenmeginiň öňüni almak üçin edilipdi.

Hytaýda häkimiýetler ýurduň elitasynyň salgytdan gaçmagy baradaky hasabatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin 2014-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda interneti birnäçe sagatlap kesipdi. Sudanda 2013-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda protestleri gurnamak işinde sosial ulgamlaryň ulanylmagynyň öňüni almak üçin tutuş ýurt boýunça internet doly kesilipdi.
Demokratik döwletler we ösen tehnologiýalar
“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň hasabatynda internetiň duşmany diýlip kesgitlenen sanawda adam hukuklaryna hormat goýýandygyny aýdýan demokratik döwletlerde ýerleşýän üç sany hökümet edarasynyň, ýagny Hindistanyň “Telematika ösüşi boýunça merkeziniň”, Britaniýanyň Hökümet aragatnaşyk edaralarynyň we ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk agentliginiň atlary agzalýar.
Şeýle ýurtlarda gözegçilik tehnologiýasynyň, şol sanda ABŞ-nyň howpsuzlyk gulluklarynyň öňki işgäri Edward Snowden tarapyndan üsti açylan gözegçilik usullarynyň ulanylmagy ýolberilmesiz bir ýagdaýdyr diýip, “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy belleýär.

Hasabatda bellenilmegine görä, bu çäre Eýran, Hytaý, Türkmenistan, Saud Arabystany we Bahreýn ýaly awtoritar döwletler tarapyndan özleriniň maglumat azatlygyny depeleýändiklerini aklamak üçin ulanylyp bilner we eýýäm ulanylýar.
Informasiýa hukugy
“Serhetsiz Reportýorlar” internet senzurasynyň adamlaryň fundamental hukuklaryna öz göni täsirni ýetirýändigini belleýär. Hasabatda internetiň söz azatlygy üçin möhümdigi, umumy gyzyklanma döredýän meseleler boýunça erkin pikir alyşmak üçin mümkinçilik berýändigi, şeýle-de internetiň ösüşe, hökümetleriň kämil bolmagyna we demokratik azatlyklaryň durmuşa geçirilmegine şert döredýändigi nygtalýar.
Guramanyň bellemegine görä, BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde 2012-nji ýylyň 5-nji iýulynda kabul edilen rezolýusiýada fiziki, ýagny adaty durmuşda ykrar edilen hukuklar çäklendirilmezden, onlaýn, ýagny internet giňişliginde hem ykrar edilmelidir diýilýär.
“Serhetsiz Reportýorlar” guramasy internet senzurasyna garşy bütindünýä gününe gabatlap ýaýradylan “Internetiň duşmanlary 2014” atly täze hasabatynda gözegçilik tehnologiýalaryny öndürýän halkara kompaniýalaryň awtoritar režimler bilen hyzmatdaşlyk etmegini berk tankytlaýar.

Şeýle-de bu gurama BMG-ni, Ýewropa Bileleşigini we milli hökümetleri raýatlaryň internet arkaly maglumat almak hukugyny we söz azatlygyny kepillendirmek üçin, hususan-da, halkara kanun binýadyny döretmäge çagyrýar.

XS
SM
MD
LG