Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýatsenýuk Ak Tamda kabul edilýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama çarşenbe güni Ukrainanyň täze premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk bilen duşuşýar. Ak Tamyň metbugat-wekili Jaý Karneý Ýatsenýugyň saparynyň ABŞ-nyň “Ukraina, onuň halkyna berk goldaw bildirýändigini we Ukrainanyň täze hökümetiniň kanunydygyny” aňladýandygyny aýtdy.

Bu duşuşyk Krymda regionyň geljegini kesgitlemek boýunça referendum ses berişligine taýýarlyk görülýän wagtynda geçirilýär. Ses berijiler Krymyň Orsýetiň bölegi bolmagynyň ýa-da has giňeldilen ygtyýarlyklar bilen Ukrainada galmagynyň arasynda saýlamaly bolarlar.

Ukrain lideri öz ýurdunyň goňşy Orsýetden goranmak üçin ýardama mätäçdigini belledi we Waşingtondan maliýe kömegini sorajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG