Sepleriň elýeterliligi

SRG "Internet duşmanlaryny" kesgitledi


Media azatlygy ugrunda işleýän “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy “Internetiň duşmanlary” atly ýyllyk hasabatyny ýaýrartdy.

Internet senzurasyna garşy bütindünýä gününe gabatlap, ýaýradylan bu hasabatda “onlaýn senzurasyny we gözegçiligini amala aşyrýan döwlet edaralaryna”aýratyn üns berilýär. Öňden bäri internete basyş edýän we Belarus, Eýran, Orsýet, Türkmenistan hem Özbegistan ýaly ýurtlary öz içine alýan ýurtlaryň sanawyna şu sapar käbir täze ýurtlaryň goşulandygy aýdylýar.

Hasabatda adam hukuklaryna hormat goýýandygyny aýdýan demokratik döwletleriň üçüsinde internet “duşmanlarynyň” tapylandygy aýdylýar. Şeýle ýurtlaryň ABŞ, Britaniýa hem Hindistandygy aýdylýar we bu ýurtlardaky gizlin gözegçilik agentlikler internet azatlygyny depelemekde “hytaýly, orsýetli, eýranly ýa bahreýnli öz kärdeşlerinden gowy däl” diýip bellenýär.
XS
SM
MD
LG