Sepleriň elýeterliligi

Krym: Orsýetiň medeniýet işgärleri pikirini beýan etdiler


Orsýetiň tanymal medeniýet şahslarynyň ençemesi Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Krym boýunça hereketleri babatynda öz pikirlerini mälim etdiler. Olaryň bir bölegi Putine goldaw bildirýär, ýene bir bölegi garşy çykyş edýär.

AÝ/AR-nyň Ors gullugynyň maglumatyna görä, 80-den gowrak adam, şol sanda meşhur dirižer Waleriý Gergiýew, Puşkin muzeýiniň ýolbaşçysy Irina Antonowa, aktýor Sergeý Bezrukow we gyjakçy Ýuriý Başmet ýaly tanymal şahslar Wladimir Putine goldaw bildirip açyk hat ýaýratdylar. Medeniýet minsitrliginiň resmi websaýtynda çap edilen bu açyk hata gol goýan şahslar “özleriniň doň ýürekli synçy bolup çetde galyp bilmeýändigini” aýdyp, “Orsýet Federasiýanyň prezidentiniň Ukraina we Krym boýunça pozisiýasyna berk goldaýandygyny” mälim etdiler.

Orsýetiň medeniýet wekilleriniň ýene bir topary, şol sanda film kritigi Anton Dolin, ýazyjylar Lýudmila Ulitskaýa hem Wiktor Ýerofeýew we iňňän meşрur aktrisa Lia Ahedžakowa şu hepde-de açyk hat ýaýradyp, Orsýetiň güýçleriniň Krymy okkupasiýa etmegini tankyt etdiler.
XS
SM
MD
LG