Sepleriň elýeterliligi

Üstümizdäki ýylda uly söz ussadynyň iki ýubileýi birden gelýär. Mart aýynyň 15-ne Berdi Kerbabaýewiň doglan gününe 120 ýyl bolsa, 23-nji iýulda ýazyjynyň aradan çykanyna laýyk 40 ýyl dolýar.

Öz döwründe bu tanymal ynsan bilen duşuşmagy ýa-da ony görmegi köpler höwes eden bolsa gerek. Şeýle höwes mende-de boldy. Şonda goşa şatlyk bilen ýüzbe-ýüz boldum.

Hyýala gelmejek hakykat

Berdi Kerbabaýew bilen Gara Seýitliýewi men bilelikde gördüm. Olary Garagum kanalynyň içinde, onda-da Baýramalydan gabat garşyda, öňki “Garagum kanaly” sowhozynyň gabadynda görmek miýesser etdi.

Berdi Kerbabaýewiň öý muzeýi

Berdi Kerbabaýewiň öý muzeýi

Bu 65-nji ýylyň dekabrynda bolupdy. Asman açykdy, güneşli gündi, hiç bir sowuk ýokdy. Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýetiniň hem sungatynyň Ongünlügi geçýärdi. Bize – ýokary klasyň mekdep okuwçylaryna “Garagum kanaly” sowhozynyň garşysynda, kanalyň içinde Russiýadan gelen artistler konsert berjekler, kim islese, okuwdam boş, şoňa gidip biler diýdiler.

Biz bäş-alty oglan bolup, obadan ep-esli uzaklykdaky kanal boýuna gitdik. Tigirli çapyşyp, ol ýere nädip ýetenimizi bilmedik. Kanalyň şol çäginiň günorta tarapy biziň kolhozymyzyň ýeridi. Kanaldan gaýrada – demirgazykda bolsa tarp ýerde açylan “Garagum kanaly” sowhozy ýerleşýärdi.

Hakykatdanam kanalyň biz tarapynda, ýagny çep kenarda gyra berkidilip barža goýlupdyr. Haýal etmän, Mary tarapdan – kanalyň ters akymyndan, üsti adamdan doly uly ak kater geldi. Şol katerden birnäçe adam düşüp, ikä bölündiler. Uly bölek kenara berkidilen barža geçdi. Bir kiçeňräk topar hem “Garagum kanaly” sowhozyna tarap gitdi. Şolaryň arasynda Berdi Kerbabaýew bardy. Ol beýlekilerden sere boýy saýlanyp barýardy.

Men: “Alha, Berdi Kerbaba” diýenimi duýmandyryn. Onuň ýanynda bolsa çal saçly Gara Seýitli bardy. Ol iki kişi meniň gözüme başgalardan saýlanyp durdy. Olar iki kenarda duran adamlar bilen el bulap salamlaşýardylar.

Muňa gaty haýran galdym. Atgyranyň çölünden bir wagt kanal geçip, ol ýerden derýa bolup suw akar. Şol suwuň içi bilen ak gämide ýüzüp, biziň ýanymayza ýazyjy-şahyrlar geler diýip, hyýalyňa getirip bolmasa gerek.

Ine, bu şeýle boldy. Mary tarapdan gelenleriň arasynda Berdi Kerbabaýew bilen Gara Seýitliýew hem bar ekeni.

Çöle gelen sibirliler

Omsk şäheri Sibirdäki medeni merkezleriň biri hasaplanýar. Ol ýerde “Omskiniň halk hory” atly aýdym-saz topary bar. Beýle aýdym-saz topary dünýäde örän seýrek. Sebäbi şeýle uly akademiki topary; köp sanly sazandany, aýdymçylary hem tansçylary saklamak üçin, kuwwatly döwlet gerek. Ony diňe döwletiň hasabyna saklamak mümkin.

Berdi Kerbabaýewiň jaýlanan ýeri. Aşgabat

Berdi Kerbabaýewiň jaýlanan ýeri. Aşgabat

Şol uzak Sibirden gelenler Garagum kanalynyň iki kenaryna jemlenen türkmenleriň öňünde çykyş etdiler. Olar ençeme rus halk aýdymlary bilen birlikde, kompozitor Nury Muhadowyň şahyr Allaberdi Haýydowyň goşgusyna döreden “Komsomol” diýen aýdymyny türkmen hem rus dillerinde aýtdylar. Olaryň türkmençe aýdyşy örän çalgyrtdy, ýöne sözleri düşnüklidi. Bu aýdym soňra Bütinsoýuz radiosy üçin ýazgy edilipdir, ony käte Bütinsoýuz radiosy eşitdirip durýardy.

Omskiniň artistleriniň tasnslary aýratyn ýakymly boldy. Olar suw içindäki baržanyň üstünde al-ýaşyl öwsüp, gamak ýaly pyrlanýardylar.

Çölüň jümmüşinde ýaşap hem işläp ýören çopanlar, pagtaçylar, Garagum kanalyny gurujylar, ýaşlar-ýetginjekler olaryň çykyşyndan ünsüni sowup bilmedi. Olaryň her bir çykyşy biz üçin geňdi, örän özüne çekijidi. Tansçylar, aýdymçylar her täze çykyşynda, başgaça geýinmäge ýetişýärdiler.

Bu şatlykly pursat bir sagat, belki, ondanam gowrak dowam etdi.

Hakykat

Konsert gutardy. Tomaşaçylar dargap başlady. Obadaşlarym-ýoldaşlarym yza dolanmak üçin taýýarlandylar. Men bolsam entegem gaýra kenara seredýärdim. Bu mahala çenli çaý-nahar edinen myhmanlar ýene yzyna çykyp, Mara dolanmak üçin, kenara gelerler, şonda Berdi Kerbaba bilen Gara Seýitlini görerin diýýärdim. Emma olar görünmedi. Gaýtam biziň öňümizde çykyş eden sibirli artistleri-de, ol ýere alyp gitdiler.

Hawa-da, bu türkmeniň däbi, uzak ýerden gelen myhmany çaý-naharsyz yzyna gaýtaryp bilmezler.

Berdi Kerbabaýewiň mazar daşy

Berdi Kerbabaýewiň mazar daşy

Biz oba dolandyk, ýöne eşiden aýdym-sazym hem ol gören adamlarym hiç wagt ýadymdan çykmady. Belent başly, ak saçly Berdi Kerbaba bilen çal saçly şahyr Gara Seýitli meniň ruhy dünýäme şol şekilde ornaşdy.

Olar bol suwly derýanyň kenarynda durup, adamlara el bulaýarlar. Olaryň ikisi hem şol bol suwy, çöl içinde dörejek bereketi nähili arzuw edipdiler. Men olary hakykata öwrülen şol hyýaly pursatda gördüm.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG