Sepleriň elýeterliligi

BMG Ysraýyla edilen hüjümi ýazgarýar


Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Ban Ki-mun Gaza zolagyndan Ysraýyla edilen raketa hüjümlerini ýazgardy.

Şeýle-de Ban iki ýurduň arasyndaky konfliktiň has-da güýjemegine sebäp bolup biljek wakalaryň öňüni almak üçin iki tarapa hem bolup bildiginden sabyrly, takatly bolmaga çagyryş etdi.

Bu aralykda Palestinanyň lideri Mahmud Abbas “Ysraýylyň gabawdaky Gaza zolagynda harbylaryny artdyrmagy bes etmegini” talap etdi.

Ysraýylyň harbylarynyň sözlerine görä, kenarýaka territoriýadaky palestinaly söweşijiler Ysraýyla 60 raketa uçurandan soň, ýurduň harbylary Gaza zolagynda nyşana alnan 29 ýeri bombalapdyrlar. Bu 2012-nji ýyldan bäri iki ýurduň arasynda bolan iň güýçli atyşykdyr.
XS
SM
MD
LG