Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Komandir duýduryş berdi


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystandaky Halkara güýçleriniň komandiri 2014-nji ýylda ýurtdaky ähli goşunyň çykarylmagynyň “Al-Kaýda” terroristik bileleşiginiň gaýtadan toparlanyşmagyna sebäp boljakdygyny aýdyp, duýduryş berdi.
General Jozef Dunford “Al-kaýda” häzirki wagt Owganystanda “aman galmak görnüşinde” diýdi.
Dunford çarşenbe güni Senatyň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň öňünde eden çykyşynda Owganystanda halkara goşunynyň 8 müň bilen 12 müň çemesiniň galdyrylmagyny maslahat berýändigini aýtdy. General olaryň owgan güýçlerine goldaw, türgenleşik we maslahat berjekdigini sözüne goşdy.
Dunford: “Eger-de biz 2014-nji ýylyň ahyrynda ýurdy terk etsek, onda owgan howpsuzlyk güýçleri gowşap başlar” diýdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Waşington bilen Kabulyň arasyndaky howpsuzlyk paktyna gol goýulmasa, özüniň ähli goşunyny Owganystandan çykaryp biljekdigini aýdyp, haýbat atypdy.
XS
SM
MD
LG