Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Durnuksyzlyklarda iki adam öldi


Türkiýäniň resmileri 15 ýaşyndaky oglanyň jaýlanyş mirasymyndan soň ýurtda emele gelen durnuksyzlyklarda iki adamyň ölendigini habar berýär.

Çarşenbe güni giçlik ýaşlaryň iki toparynyň arasynda bolan uruşda 22 ýaşyndaky adam kellesinden ýaralanyp heläk boldy. Ölenleriň beýlekisi ýurduň günorta-gündogaryndaky Tunjeli şäheriniň polisiýa işgäri bolup, maglumatlarda onuň hökümete garşy protestçiler bilen bolan çaknyşyklar mahaly ýürek näsazlyklary sebäpli ýogalandygy mälim edilýär.

Maglumatlarda polisiýa bilen protestçileriň arasyndaky çaknyşyklaryň çarşenbe güni Türkiýäniň birnäçe şäherinde bolandygy habar berilýär.

Çarşenbe güni jaýlanan Berkin Elwan geçen tomus hökümete garşy protestçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklarda ýaralanypdy. Ol sişenbe güni aradan çykypdy.

Elwan çörek satyn almaga barýan mahaly polisiýanyň we protestçileriň arasyndaky çaknyşyklaryň dowamynda ulanylan göz ýaşardýan gazyň zarbasyndan kellesine zeper ýetip, koma düşüpdi.
XS
SM
MD
LG