Sepleriň elýeterliligi

Daşary ýurt diplomlary "wagtlaýynça" ykrar edilmez


Bildirişlerde degişli diplomlary ykrar etmek boýunça çäreleriň togtadylmagynyň “wagtlaýyn” häsiýete eýedigi nygtalýar.

Bildirişlerde degişli diplomlary ykrar etmek boýunça çäreleriň togtadylmagynyň “wagtlaýyn” häsiýete eýedigi nygtalýar.

Türkmenistanda daşary ýurt bilim ojaklary tarapyndan berlen diplomlaryň ykrar edilmegi “wagtlaýynça” duruzulýar. Bu baradaky bildirişler ýurduň degişli bilim guramalarynyň binalarynda ýerleşdirilipdir.

Şol bildirişlerde degişli diplomlary ykrar etmek boýunça çäreleriň togtadylmagynyň “wagtlaýyn” häsiýete eýedigi nygtalsa-da, olary ykrar etmegiň haçan täzeden ýola goýuljakdygy barada takyk maglumat berilmeýär. Dokumentde muňa degişli proseduralaryň ýaňadandan açylmagy boýunça degişli “habaryň beriljekdigi” aýdylýar.

Bilim ministrligindäki bildiriş tagtasy

Bilim ministrligindäki bildiriş tagtasy

Şeýle-de çap bolan bildirişde daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek işleriniň näme sebäpden ýa-da haýsy maksat bilen togtadylandygy barada-da hiç hili düşündiriş berilmändir.

Ýerli habarçylar daşary ýurt diplomlary boýunça bolup geçýän soňky özgerişlikler bilen baglylykda, binalardaky bildirişler diýäýmeseň, resmi mebugatda-da hiç hili habaryň berilmeýändigini aýdýarlar.

Bilim ministrligi

Azatlyk Radiosy ýokarky maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen habarlaşanda, degişli resmiler “daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek boýunça işiň wagtlaýynça togtadylandygyny” tassyklap, bu işiň täze degişli Düzgünnama kabul edilenden soňra dowam etdiriljekdigini aýtdylar. Anyk sene soralanda, bilim pudagynyň resmileri degişli işleriň öňümizdäki aýdan, ýagny aprel aýynyň 1-den başladyljakdygyny aýtdylar.

Gürrüňi gidýän täze Düzgünnamanyň Türkmenistanyň prezidentiniň 9-njy ýanwarda gol goýdy diýilýän “Daşary ýurt diplomlarynyň ykrar edilmegine degişli” permany bilen baglydygy aýdylýar.

“Daşary ýurt diplomlarynyň ykrar edilmegine degişli” perman

“Daşary ýurt diplomlarynyň ykrar edilmegine degişli” perman

Ýatladyp geçsek, şol permanda beýleki çäreler bilen bir hatarda, daşary ýurtda gaýybana alnan diplomlaryň ykrar edilmegi boýunça-da käbir çäklendirmeler göz öňünde tutulandy.

Permanyň dördünji maddasynda: “Türkmenistanda ykrar edilmäge degişli diplomlar daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okuwlaryň möhleti dört okuw ýylyndan, orta hünär okuw jaýlarynda bolsa iki okuw ýylyndan az bolmaly däldir we okuwlar gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşde bolmalydyr” diýilýär.

Şol maddanyň ikinji bölüminde: “Hünär boýunça okuw meýilnamasynda göz öňünde tutulan okuw (hünär) dersleriniň mazmuny hem-de okuw sagatlarynyň möçberi Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde degişli (ugurdaş) hünär boýunça berilýän bilimlere laýyk gelmelidir” diýlip nygtalýar.

Daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynda okan ýa-da häzirki wagtda okuwyny dowam etdirýän türkmenistanlylar barada anyk statistiki maglumat berilmese-de, olaryň sanynyň birnäçe müňe ýetýändigi bellenilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG