Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Tizleşdirilen raýatlyk we göçürilýän intellekt


Orsýetiň pasportlary
Orsýetiň pasportlary
Orsýet daşary ýurtlarda ýaşaýan we rus dilinde gepleýän adamlara howul-hara raýatlyk bermek üçin raýatlyk kanunçylygyna üýtgeşmeler girizmek bilen başagaý. Ýöne Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Farangiz Najibullanyň berýän habaryna görä, kanundaky üýtgeşmeler, esasan, hünäri boýunça ýokary taýýarlykly adamlary hem-de biznes bilen meşgullanýan adamlary ýurda çekmegi maksat edinýär.

Göz öňünde tutulýan täze kanunçylyk ene dili ors dili bolan daşary ýurtlulara gyssagly rus raýatlygyny bermegi maksat edinýär. Ýöne hemmä däl. Agzalýan kanunçylyk diňe hünäri boýunça ýokary taýýarlykly adamlary we işewür täjirleri ýurda çekmegi maksat edinýär.

"Raýatlyk alyş" üýtgeşikligi

Orsýetdäki täze kanun taslamasy rus dilinde gepleýän daşary ýurt raýatlaryna, ozalky ýüregedüşgünç “raýatlyk alyş” prosesine derek, üç aýyň dowamynda ors pasportyny bermegi maksat edinýär.

Ýurduň premýer-ministri Dmitriý Medwedew 6-njy martda täze kanunçylyk bilen tanyşdyrdy we ol kanundaky üýtgeşmeleriň netijesinde Rus imperiýasynyň territoriýasynda ýa-da ozalky Sowet Soýuzynyň territoriýasynda ýaşan, rus dilinde gepleýän adamlaryň hemişelik oturym şahadatnamasyny almazdan, gös-göni rus pasportyny almaga hukuklarynyň boljakdygyny aýtdy.

Medwedewň çykyşy adamlary aňk-taňk etdi. Sebäbi Döwlet Dumasy tarapyndan aňyrsy-bärsi seljerilen täze kanun taslamasy Moskwanyň daşary ýurt territoriýalaryny Rus Federasiýasyna goşmagyny ýeňilleşdirýär.

Aslynda gürrüňi edilýän kanunçylyk Kremliň Krymy anneksiýa etmegini, ýagny Ukrainanyň Krym ýarymadasyny Orsýete birikdirmegini ýeňilleşdirýär. Krymdaky orsýetçi kanun çykaryjylaryň özleri hem ýagdaýyň şeýle bolmagyny isleýärler. 16-njy martda Krymda geçiriljek referendumda halk belli bir netijä geler.

Analizçileriň aýtmagyna görä, Medwedewiň tanyşdyran jedelli “raýatlyk” kanunçylygy daşary ýurtlularyň kowçum-kowçum bolup Orsýete göçüp barmagyna ýol açmaz. Bu ýagdaý diňe daşary ýurtlardan Orsýete tarap potensial intellekt göçüşleriniň amala aşmagyny ýola goýar. Intellekt göçüşi hem öz gezeginde Orta Aziýada ýerleşýän ýurtlara ýiti täsir eder.

Orta Aziýa täsiri

Orta Aziýada ýerleşýän käbir ýurtlar özleriniň ýokary taýýarlykly hünärmenlerini ýurtda alyp galmak ugrunda göreşýärler. Agzalýan hünärmenleriň köpüsi Orsýetiň Ýokary okuw jaýlarynda bilim alan kadrlardyr.

Gyly gyrylmadyk täze kanunçylygyň kömegi bilen şol öz işine ussat kadrlaryň gysga wagtyň içinde “orsýetli” bolmak mümkinçilikleri bar. Olar öz ýurtlaryny işe ukypsyz we hünär taýdan taýýarlygy pes bolan ildeşlerine taşlap giderler.

Täze kanuçylyga görä, 2002-nji ýylyň iýul aýyndan soň Orsýetiň teritoriýasyndaky ýokary okuw jaýlarynda bilim alan we şol ýerde azyndan üç ýyl ýaşan başarnykly hünärmenleriň raýatlyk almaga hukugy bolar. Şeýle-de Orsýetde azyndan üç ýyl hereket eden we takmynan 80 müň amerikan dollary möçberinde ýyllyk girdejisi bolan kärhana eýeleriniň, ýagny hususyýetçileriň hem Orsýetiň raýatlygyny almaga hukugy bolar.

Premýer-ministr öz çykyşynda “raýatlyk” mümkinçiliginden rus dilinde gepleýän daşary ýurtlular we graždanlygy bolmadyk adamlar peýdalanyp biler diýdi. Ýöne premýer-ministr, birinjilik bilen, degişli ugurlarda taýýarlygy bolan hünärmenlere mümkinçilik dörediljekdigini nygtady: “Biz dogan-garyndaşlary ýa-da özleri Orsýetde hemişelik ýaşan, şeýle-de 1917-nji ýylda bolan rewolýusiýadan öň Orsýetiň territoriýasynda ýaşan, ýa-da bolmasa Sowet Soýuzyna girýän döwletleriň çäginde ýaşan adamlaryň “raýatlyk” mümkinçilikleri barada gürrüň edýäris”.

Düýbi Moskwada ýerleşýän “Täjik migrantlary” guramasynyň başlygy Kerimjan Ýorow gürrüňi edilýän kanun taslamasy entek maslahatlaşylyp, parlamentden geçmedigem bolsa, “Orsýetde ýaşaýan orta aziýalylar eýýäm tolgunyşyp başlady. Raýatlykdan hantama adamlar bize jaň edip, täze kanun taslamasy barada giňişleýin maglumat soraýarlar” diýýär.

Ol bu barada: “Olar Orsýetiň raýatlygyny almak bilen “zähmet wizasyna” bagly bolmazdan, iş mümkinçiliklerini eýe bolarys, saglyk ätiýaçlandyrmalaryndan peýdalanarys we beýleki hukuklardan peýdalanmaga kepilligimiz bolar’ diýip pikir edýärler. Adamlar Orsýetiň raýatlygyny almak üçin rus kanunçylygynyň öňünden talap edýän ähli şertlerine razy” diýip, ýagdaýy mälim edýär.

Raýatlyk almak aladasy güýçlenýär

Orsýetiň Federal Migrasiýa gullugynyň 2013-nji ýyl üçin berýän hasabatynda ýurduň çäginde ýaşaýan 11.2 million migrantyň aglaba bölegi orta aziýalylar.

Orsýetdäki migrantlaryň agramly bölegi, ýokary okuwy gutaran işçiler däl. Ýöne munuň bilen bir hatarda ýurtda Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda ýa-da sowet döwrüniň okuw jaýlarynda bilim alan müňlerçe migrantlar bar. Ýorow bu meselede: “Diňe Moskwanyň özünde 500 sany täjigistanly doktor medisina ugrundan zähmet çekýär. Şolaryň hemmesi diýen ýaly rus pasportyna isleg bildirýär. Olar bilen bir hatarda Orsýetiň uniwersitetlerinde okaýan täjik ýaşlary hem raýatlyga höwesli” diýýär.

Rus metbugatynyň berýän habaryna görä, 2013-nji ýylda 30 müň sany gazagystanly we 11 müň sany özbegistanly talyp Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan ekeni. Ýorow: “Takmynan 13 müň sany täjigistanly talyp Orsýetde okaýar” diýýär.
Orta Aziýada ýerleşýän döwletler öz ýurtlaryndaky ýokary okuw jaýlarynda okadylmaýan ugurlar boýunça bilim almaklary üçin Orsýetiň uniwersitetlerine her ýyl ýüzlerçe talyp ugradýarlar. Olar awiasiýa, aragatnaşyk we informasion tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça bilim almaklary üçin öz döwletleriniň hasabyna Orsýete talyplary ugradýarlar.

Ýokary okuwy tamamlan ýaşlar munuň öwezine öz ýurtlaryna dolanyp, azyndan şol ýerde üç ýyl işlemeli edilýärler.

Bilimli adamlar Orsýetde galýar

Ýorow bu barada şeýle diýýär: “Bu ýerde bilim alyp ýören köp sanly talyp, öz döwletlerine yza dolanmagyň deregine, näme jerime tölemeli bolsa töläp, rus raýatlygyny almak üçin ýüz tutmak isleýändiklerini aýdýarlar. Munuň netijesinde biziň döwletlerimiz hünär boýunça ýokary taýýarlykly, bilimli-sowatly, aňly-düşünjeli hünärmenlerine eýe çykyp bilmeýär. Ýöne bar belanyň körügi şol ýurtlaryň başyndaky häkimiýetler. Täjigistan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlarda adamlar ujypsyz aýlyk üçin pes durmuş şertlerinde ýaşamaga razy däl. Ynha, esasy mesel şol”.

Tizleşdirilen raýatlygy bermek boýunça çykaryljak kanuna görä, raýatlyga dalaş edýän adamlaryň rus dilinde erkin gürlemek ukybyny barlamak üçin olary synagdan geçirjek ýörite komissiýalar hem göz öňünde tutular.

Şeýle-de täze kanunçylyga görä, rus pasportyny alan adamlar özlerinde bar bolan beýleki ýurtlaryň raýatlyk hukuklaryndan geçmeli edilmekleri hem ahmal.

Dumanyň Konstitusiýa we Döwlet gurluşy boýunça komiteti täze kanunçylgy 21-nji marta çenli tabşyrar. Şol güni orsýetli kanunçykaryjylar kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşarlar. Agzalýan kanun taslamasy daşary ýurtlaryň territoriýalarynyň Orsýete garaşly edilmegini ýeňilleşdirmegi mümkin.

XS
SM
MD
LG