Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Oppozision websahypalar petiklendi


Russiýanyň hökümeti Kremli tankyt etmek çäreleri bilen tanalýan dört websahypa gadaganlyk girizdi. Russiýanyň aragatnaşyk gullugy “Grani.ru”, “Kasparow.ru” we onlaýn görnüşde iş alyp barýan “Ýežednewniý žurnal” atly websahypalary petikledi.
Russiýanyň aragatnaşyk gullugy gürrüňi edilýän websaýtlaryň adamlary özüni kanuna garşy hereket etmäge öjükdirendigi we olaryň rugsatsyz üýşmeleňlere gatnaşmagyna çagyryş edendigi sebäpli petiklendi diýýär.
Şeýle-de, belli oppozision lider Alekseý Nawalnynyň websahypasy hem petiklendi. Websahypanyň petiklenmeginiň sebäbi saýtyň alyp barýan işiniň Nawalnynyň öý tussaglygynyň düzgünlerini bozýandygy bilen düşündirildi.
Kasparow.ru oppozisioner we küşt boýunça öňki dünýä çempiony Garri Kasparowyň websahypasydyr. Websahypalar Russiýanyň Baş prokuraturasynyň haýyşy esasynda gadagan edildi.
XS
SM
MD
LG