Sepleriň elýeterliligi

Täjik-gyrgyz: Ýol gaýtadan açyldy


Täjik-gyrgyz araçägindäki dartgynlylykdan soň, serhetdäki ýol anna güni gaýtadan açyldy. Täjigistanyň demirgazygyndaky Sougd welaýatynyň Isfara etrabyny Gyrgyzystanyň territoriýasyndaky Täjigistana degişli Woruh eksklawy bilen birikdirýän ýol Gyrgyzystanyň Batken etrabynyň ýaşaýjylary tarapyndan böwetlenipdi.
Ilkibada Woruh etrabynyň onlarça ýaşaýjysy birnäçe gyrgyz ýük ulaglarynyň dawaly gurluşyk meýdançasyna girmeginiň öňüni alypdy. Bu sebitde täze garaýoluň gurluşygynyň amala aşyrylmagy planlaşdyrylýar.
Täjigistan iki ýurduň arasyndaky araçäk kesgitlenilýänçä, garaýoluň gurluşygynyň togtadylmagyny isleýär.
Woruhyň ýaşaýjylarynyň bu çäresine jogap hökmünde eksklawyň daşynda ýaşaýan gyrgyz ilaty Isfara-Woruh ýoluny böwetläpdi.
Sougd welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumaboý Sanginow penşenbe güni bolan bu wakany “ýalňyş düşünme” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG