Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ýedi polisiýa işgäri öldi


Pakistanyň durnuksyz demirgazyk-günbatar sebitinde janyndan geçeniň bombany partlatmagy netijesinde azyndan ýedi polisiýa ofiseri öldi.

Anna güni bolan bu hüjüm ýurduň Peşawar şäheriniň çetindäki Sarband etrabynda amala aşdy. Wakada hüjümçi polisiýa işgärlerini alyp barýan ulaga ýakynlaşyp, bombany partlatdy.

Ýurduň ýokary derejeli polisiýa resmisi Najib-ur-Rahmanyň sözlerine görä, wakanyň bolan pursaty janyndan geçen hüjümçi polisiýa işgärlerini alyp barýan ulaga pyýada ýakynlaşypdyr.

Maglumatlara görä, wakada başga-da 20-den gowrak adam ýaralanypdyr.

Pakistanyň “Talyban” hereketi ýurduň hökümeti bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän parahatçylykly gepleşikleriň öň ýanynda hoşniýet alamaty hökmünde 1-nji martdan başlap ok atyşygy 1 aýlyk bes edýändigini yglan edipdi. Emma muňa garamazdan, ýurtda hüjümler dowam edýär.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG