Sepleriň elýeterliligi

Karimow premýer-ministriň hukugyny giňeltmegi teklip etdi


Özbegistanyň kanunçykaryjylary ýurduň premýer-ministriniň hukuklaryny giňeltmek barada gürrüňleri geçirýärler.
Özbek parlamentiniň aşaky öýi “Oliý Majlisiň” metbugat wekili ýurduň awtoritar prezidenti Yslam Karimow tarapyndan teklip edilen degişli konstitusion üýtgetmeler prezidentiň käbir hukuklaryny premýer-ministre we hökümete geçirer diýdi.
Emma prezidentiň takyk haýsy hukuklarynyň ýurduň premýer-ministrine we hökümete geçiriljekdigi barada jikme-jik maglumat berilmedi.
Metbugat wekili gürrüňi edilýän konstitusion üýtgetmeleriň ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň işiniň has aç-açan bolmagyna we ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň düzümini demokratiýalaşdyrmaga rugsat berjekdigini aýtdy.
Özbegistanyň öňki Kommunist partiýasynyň başlygy Karimow 20 ýyldan gowrak wagt bäri ýurdy dolandyrýar.
XS
SM
MD
LG