Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: BMG synçylaryny ugradýar


Birleşen Milletler Guramasy adam hukuklaryna gözegçilik edýän synçylaryny tutuş Ukrainanyň çägine, şol sanda Kryma ugradýar. Olar ýurtda adam hukuklarynyň bozulmalary baradaky öňe sürmeleri gurşap alan delilleri gözden geçirerler.
Guramanyň Adam hukuklary boýunça baş sekretarynyň kömekçisi Iwan Simýonowiç anna güni ýaýradylan beýanatda “Ukrainada noýabr aýyndan bäri hakykatda nämeleriň bolup geçendigi barada berilýän maglumatlary” anyklamak üçin ýurda synçylaryň ugradylmagy wajyp diýýär.
Simýonowiç hukuk bozulmalary barada peýda bolan howsala salýan alamatlara köp ýyllaryň dowamynda gerekli üns berilmedi we häzirki wagt “ýurtda kanun goraýjy edaralarynyň gowşakdygy, hasabat bermekligiň ýetmezçilik edýändigi we adam hukuklaryny bozanlaryň jezalandyrylmaýandygy barada çynlakaý aladalar bar” diýdi.
Russiýa Krym regionyna öz harbysyny ýerleşdirmegini aklamak üçin gürrüňi edilýän sebitdäki rus dillileriň we ruslaryň hukuklarynyň bozulýandygyny öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG