Sepleriň elýeterliligi

Awstriýa: Ukrain oligarhy tussag edildi


Awstriýanyň maglumatlarynda Ukrainanyň 48 ýaşyndaky oligarhy Dmitriý Firtaşyň tussag edilendigi habar berilýär. Ol parahorlukda we jenaýatçylykly dildüwşikde güman edilip, Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan uzak wagtdan bäri gözlenýärdi.
Dmitriý Fitaş diýip atlandyrylan bu adam çarşenbe güni giçlik Wenada tussag edildi. Ol 2006-njy ýyldan bäri Federal howpsuzlyk býurosy tarapyndan derňew edilýärdi.
Firtaş Ukrainanyň iň baý adamlarynyň biri bolup, onuň Russiýa bilen ýakyn ilteşikleri bar. Ol baýlygynyň esasy bölegini gaz, himiýa, metbugat we bank ulgamyndan ele saldy. Şeýle-de, Fritiş Ukrainanyň häkimiýetden çetleşdirilen soňky prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň esasy goldawçysy hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG