Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Erkin neşirler ýene-de gysylýar


Lenta.ru internet sahypasyndan alnan görnüş
Lenta.ru internet sahypasyndan alnan görnüş
Köp sanly orsýetli her gün irden ”Lenta.ru”-nyň Twitter salgysyndan “Dorogaýa redaksiýa”, ”Gadyrly redaksiýa” diýip ýazylýan twit yzygiderliligini yzarlap, öz günlerine başlardylar. ”Lenta.ru” sahypasy Orsýetiň iň ynamdar we obýektiw habar saýtlarynyň biridi.

Ýöne şol “Dorogaýa redaksiýa” 12-nji martda ümsüm edildi. Onuň Twitter ikonyna derek matamy alamatlandyrýan nyşanjyk goýdular we ”Lentanyň” işgärleriniň adyndan çap edilen protest hatyny ýerleşdirdiler. Olar öz habar portallarynda uzak wagtdan bäri redaktor bolup işleýän Galina Timçenkonyň işden boşadylyp, onuň ýerine “kremlçi” kandidatyň, ýagny Alekseý Goreslawskiniň bellenilmegine garşylyk bildirdiler.

Protest haty

Ol protest hatynda şeýle diýilýär: “Bu ýagdaýy biz ”Lenta.ru”-nyň işgärlerine gönüden-göni basyş hökmünde kabul edýäris. Bize iş tapmak kyn däl. Ýöne sizde okara zat galmady. Esasy mesele şol”. Agzalýan hatyň aşagyna 80-e golaý redaktor, habarçy we administrator gol goýupdyr.

Häzirlikçe ”Lenta” öz işini dowam edýär. Ýöne Orsýetde soňky wagtda gaty az sanly garaşsyz habar agentligi galdy. Şonuň üçinem gürrüňi edilýän habar saýtynyň öz işini bökdençsiz dowam etmegine şübheli garalýar. Garaşsyz habar çeşmesiniň binýadynda 10 ýyllap ýokary wezipede işlän Timçenko 1999-njy ýylda agzalýan habar merkezinde işe başlapdy. Onuň wezipeden çetledilmegi ýokarda agzalan şübhäni has hem güýçlendirýär.

Özüniň wezipeden boşadylýandygy baradaky habary Galina Timçenko Aleksandr Mamut ýetirdi. Mamut Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn hyzmatdaşy bolup, ol “Afisha-Rambler-SUP” kompaniýasynyň eýesidir. ”Lenta” hem bu kompaniýanyň binýadynda. Şeýle-de Mamut “LiveJournal” saýtynyň hem eýesi.

Sebäp näme?

Galina Timçenkonyň işden boşadylmagynyň resmi sebäbini iki gün mundan öň Ukrainanyň ”Sagçy toparynyň” bir agzasy bilen geçirilen söhbetdeşligiň saýtda çap edilmegi diýip düşündirýärler. Ukrainadaky milletparaz toparlar ýurtda geçirilen Ýewromeýdan protestlerinde wajyp rol oýnadylar. Geçirilen interwýuda ”Sagçy toparyň” 2008-nji ýyldaky lideri Dmitriý Ýaroş-da agzalypdyr. Ol bolsa ozal “Moskwa imperiýasy bilen söweşmek Ukrainanyň ýazgydydyr” diýipdi.

Ýaroşyň profili ”Lentada” çap edilmändi. Ýöne Orsýetiň media gözegçileri üçin Ýaroş baradaky çelginiň saýtda berilmegi ýeterliklidi. Orsýetde mediany gözegçilikde saklaýan edara ”Roskomnadzor” saýtda neşir edilen habar barada “ekstremistik” äheňli diýip, karar çykardy we bu karar Timçenkonyň we saýtyň Krymdaky habarçysy Ilýa Azaryň işden kowulmagyna getirdi.

”Lentanyň” baýry işgärlerinden biri Swetlana Reýter edaranyň işgärleriniň Mamutowdan kararyň sebäbiniň düşündirilmegini talap edýändigini aýdýar: “Ynha, biziň soraglarymyz şular: näme üçin redaktory işden boşatmak barada duýdansyz karar çykardylar. Hemme zat amerikan kinofilmlerindäki ýaly göz açyp ýumasy salymda boldy. Bir günüň içinde, dessine kararlaşdyrdylar. Bu howlukmaçlyga nämäniň sebäp bolandygyny biziň bilesimiz gelýär. Munuň sebäbi, meniň pikirimçe, ”Lenta.ru”-nyň soňky döwürde meşhurlyga eýe bolmagydyr. Meniň bilşimçe, ”Lentra.ru” häzir Orsýetiň iň meşhur we ynamdar habar portalydyr”.

”Lenta” saýty aýda 11 million gezek okalýar. Şeýle-de bu saýt “ýap-ha-ýapyşlykdan” aman galan howpsuz habar agentligi hökmünde kabul edilýärdi.

Timçenkonyň ýerine “kremlçi” websahypanyň, ýagny www.vzglyad.ru saýtynyň redaktory Goreslawskiniň bellenilmegi RIA-nowosti habar agentligine Dmitriý Kiselýowyň bellenilmegine çalym edýär.

Ýapylmak howpy astynda

Beýleki bir garaşsyz media kanaly bolan ”Dožd-TW” hem ýapyljak-ýapyljagyň üstünde. Kanalda aýdylan iki agyz gürrüň häzirki wagtda onuň ýapylmagyna sebäp bolýar. ”Dožd-TW” kanalynda geçirilen pikir soralyşykda Ikinji jahan urşunda Leningrad gabawy barada sorag berlipdi. Umyt döredýän saýtlardan Maksim Kowalskiniň ”OpenSpace” sahypasy hem 2013-nji ýylda ýapylypdy.

Syýasy aktiwist we ”Lentanyň” “Afişa” sahypasynyň yzygiderli çalyşýan redaktorlaryndan biri bolan häzirki redaktor Ilýa Krasilşçik özüniň Facebook sahypasynda žurnalistlere maslahat berýär: “Özüňize başga kär saýlaň. Häzir habarçylygyň döwri däl”.

Swetlana Reýter habarçylaryň saýlap-seçmäge mümkinçiliginiň azalýandygyny aýdýar: “Moskwada senzuradan aman galan az sanly garaşsyz neşir bar. Biz bu barada yzygiderli ýazýarys. Indi bu ýagdaý biziň öz başymyza geldi. Indi beýlekiler biz barada ýazarlar. Meniň aýtjagym, bu ýagdaý öwerlikli ýagdaý däl”.

“Dorogaýa redaksiýa” twit yzygiderliliginde rus žurnalistikasynyň gelejegi barada köp sanly teswir ýazyldy. Timçenkonyň işden boşadylan güni “bütindünýäde kibersenzura garşy” bellenilýän aýratyn senä tötänleýin gabat geldi. Saýtda ýazylan teswirde “Biz tasdanam muny bellemegi ýatdan çykarypdyrys” diýilýär.

XS
SM
MD
LG