Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ýurtdaky köne kitap bökdençligi


Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen rus kitaplary. Aşgabat
Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen rus kitaplary. Aşgabat
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Daşary ýurt dilleri fakulteti öz ugry boýunça Türkmenistanda iň abraýly fakultetlerden biri. Uniwersitetiň bu fakulteti ýurtda ýetilmesi kyn ýokary okuw jaýlaryndan biri diýlip hasaplanýar.

Emma fakultete birneme içgin syn edeniňde welin, dürli soraglar döräp başlaýar. Soraglaryň iň göze dürtülip durany-da fakultetiň okuw kitaplary. Ýurduň öz milli garaşsyzlygyny alanyna aradan tas 23 ýyl geçendigine garamazdan, fakultetde henizem sowet döwründen galan kitaplardan sapak berilýän halatlary bar.

Ors kitaplar

Pars dili boýunça geçilýän sapaklarda ulanylýan kitaplar bu ýagdaýyň takyk mysaly. Bu fakultetiň iňlis dili bölümindäki sapaklar hem häzire çenli-de Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynyň iňlis dili fakultetleriniň studentleri üçin niýetlenilip taýýarlanan kitaplardan ybarat.

Netijede Türkmenistanly talyplar iňlis dilini öwrenmek üçin ors dilinde ýazylan iňlis dili boýunça okuw kitaplaryndan peýdalanýarlar. Elimizde resmi maglumat ýok, emma studentleriň hem degişli mugallymlaryň berýän maglumatlaryndan çen tutsak, şeýle ýagdaýlar beýleki fakultetleriň käbirlerine hem mahsus.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň özüni Hemra diýip tanadan mugallymy bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Daşary ýurt dilleri, bütindünýä taryhy we beýleki tehniki ugurlar boýunça okuw kitaplarynyň ýetmezçiligi zerarly sowet döwründen galan ors dilindäki okuw kitaplary ulanmaly bolýarys”.

Hemra mugallymyň aýdanlaryndan çen tutulsa, kitaplar rus dilinde bolsa-da, mugallymlar sapaklary türkmen dilinde geçmeli bolýar. Onsoň mugallymlar şol kitaplardan zerur bolan temalary türkmen diline terjime edip, studentlere leksiýa okýarlar.

Internetdäki "gollanmalar"

Türkmen dilinde çap edilen kitaplaryň ýetmezçiligi bilen bagly saýlanyp alnan çykalgalardan bu diňe biri. Ikinjisi bolsa, ýokary okuw jaýlary üçin taýýarlanýan okuw kitaplarynyň käbirleri internetde ýerleşdirilen özge dillerdäki okuw kitaplarynyň esasynda düzülýär.

Mysal üçin, kompýuter we informasion tehnologiýalar baradaky okuw kitaplarynyň aglabasy şolar ýaly terjime edilen kitaplar. Azatlyk Radiosyna gowşan maglumatlardan çen tutulsa, şol kitaplaryň ählisiniň ýokary okuw jaýlary üçin niýetlenilip ýazylandygyny hem aýtmak kyn.

Ýurduň öz garaşsyzlygyny alaly bäri eýýäm 23 ýyl bolup gelýär. Emma, ýurtda ensiklopediýalar, sözlükler we okuw prosesi üçin zerur bolan beýleki okuw kitaplary örän çäkli neşir edilýär. Ýurtda hatda türkmen diliniň sözlügi hem diňe bir gezek, geçen asyryň 60-njy ýyllarynda çap edilipdi.

Bu sözlügiň täzesiniň düzlendigi barada aýdylýan-da bolsa, ol entek kitap dükanlarynda ýok. Hatda ony her ýyl geçirilýän halkara kitap segisinde eksponat görnüşinde goýyarlar. Bu diňe kitap ýetmezçiligi bilen baglanyşykly ýagdaýlar.

Şol bir wagtda-da ýurtda neşir edilen okuw kitaplarynyň hiliniň hem ençeme soraglary döredýändigi aýdylýar. Türkmenistanyň transport we aragatnaşyk institutynyň özüni Kakageldi diýip tanadan mugallymy bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýýär: “Okuw kitaplarynyň syýasy ideologiýa bilen doldurylmagy, ynha, şeýle problemalardan biri. Bu ýagdaýa, hususanam, orta mekdepleriň okuw kitaplarynda juda köp duş gelinýär. Onsoň şol kitaplaryň mazmunynyň döwrebaplygy hem uly mesele”.

Kakageldi mugallymyň ünsi çekýän ýagdaýlaryna orta mekdepleriň 4-nji klas okuwçylary üçin taryh dersi boýunça öwrenilýän “Meniň watanym” atly okuw kitabyndan hem göz ýetirmek mümkin. Şol kitabyň her bir bölüminiň ahyrynda diýen ýaly Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň şol bölüme degişli sözlerinden parçalar getirilýär. Bu kitapda prezidente degişli ýörite bölüm hem bar.

Şol bir wagtyň özünde-de, kitap ýetmezçiligi we onuň hili baradaky ýagdaýa soňky döwürler ýokary derejeli hökümet maslahatlarynda hem üns berlip başlandy.

Henize çenli nähili netije bilen tamamlanjagy hakda bir zat aýtmak kyn, emma 6-njy martda geçen hökümet maslahatynda bilim pudagyna jogap berýän wise-premýer S.Toýlyýew okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 88-siniň taýýarlanylandygyny, olardan 16-synyň neşir edilendigini habar berdi. Şol kitaplaryň ugurlary hakda häzirlikçe takyk maglumat ýok.

XS
SM
MD
LG