Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington Firtaşyň berilmegini sorar


Birleşen Ştatlaryň hökümeti Awstriýanyň Ukrainanyň gyrakladylan prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen gatnaşykdaky ukrain senagatçysyny ekstradisiýa etmegini sorar.

Dmitro Firtaş Birleşen Ştatlar tarapyndan parahorluk we jenaýatçylykly dildüwşik aýyplamalary esasynda gözlenilýär.

Ol çarşenbe güni Wenada tussag edildi. Birleşen Ştatlaryň prokurorlary öz derňewleriniň birnäçe ýyl ozal başlanandygyny we Firtaşyň tussag edilmeginiň Ukrainadaky soňky wakalar bilen bagly däldigini aýtdylar.

Ol Ukrainanyň iň baý adamlarynyň biri, Orsýet bilen ýakyn gatnaşykdaky şahs hasaplanýar. Ol öz baýlygyny gaz, himiýa, metbugat, bank pudaklaryndan gazanyp, Ýanukowiçiň esasy goldawçylarynyň biri bolan diýip bilinýär.

Ukrain mediasy Firtaşyň Ukrainada doglan rus mafiýa lideri Semýon Mogilowiç bilen baglanyşyklydygy barada aýdylýandygyny ýazýar.
XS
SM
MD
LG