Sepleriň elýeterliligi

Eýranda adam hukuklary gowulanmaýar


BMG-niň ýörite hasabatçysy, eýran hökümetiniň «pozitiw çärelerine» garamazdan, bu ýurtdaky adam hukuklary meseleleriniň doly çözülmeýändigini, bu ugurdaky halkara aldalarynyň bolsa azalmaýandygyny aýtdy.

Ahmad Şahid penşenbe güni çap edilen täze hasabatda Eýranda jezalandyryp öldürmegiň köplendigine, azlyklara basyşyň artýandygyna, sudlaryň bolsa garaşsyz däldigine ünsi çekdi.

Şahid bu hasabaty taýrlamak üçin Eýranyň içinde ýaşaýan ýüzden gowrak hukuk goraýjy, aklawçy we etniki azlyklaryň wekilleri bilen söhbetdeş bolupdyr.
XS
SM
MD
LG