Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Zorluk pidasy özüni otlady


Pakistanda toparlaýyn jynsy zorlugyň pidasy bolandygyny aýdan aýal özüni otlap, ýanyk ýaralaryndan jan berdi.

Amina Bibi anna güni ýogaldy. Ol penşenbe güni, Penjap welaýatynyň polisiýa stansiýasynyň daş işiginde üstünden ýangyç guýup, özüni otlady.

17 ýa 18 ýaşynda diýip bilinýän Bibi ýanwar aýynda özüne bir topar erkegiň, şol sanda maşgala agzasynyň hüjüm edendigini aýtdy.

Sud penşenbe güni, polisiýa zorlanmandygyny aýdyp hasabat berenden soň, onuň derňew işini ýatyrdy.

Bibiniň dogany öz uýasynyň bu karary çekip-çydardan ejiz gelendigini aýtdy.

Penjap polisiýasynyň başlygynyň sözçüsi bu işiň derňelýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG