Sepleriň elýeterliligi

Harkowda iki adam öldürildi


Ukrainanyň içeri işler ministri Arseniý Awakow anna güni agşam Ukrainanyň Harkow şäherinde iki adamyň öldürilendigini, birnäçe adamyň bolsa ýaralanandygyny tassyk etdi.

Awakow şenbe güni öz Feýsbuk sahypasynda anna güni gije «iki tarapdan» 30 çemesi adamyň tussag edilendigini ýazdy.

Öldürilenleriň kimlerdigi aýdylmady. Awakow bir polisiýa ofiseriniň «çynlakaý» ýaralanandygyny we onuň ýaraglarynyň alnandygyny aýtdy. Ol bu iş boýunça derňew gidýändigini hem sözüne goşdy.

Bu waka gündogardaky Donesk şäherinde bir ukrainaçy protestçi öldürilip, beýleki birnäçesi ýaralanandan bir gün soň boldy.
XS
SM
MD
LG