Sepleriň elýeterliligi

Krym: On müňlerçe adam protest bildirýär


Ukrainanyň Krym sebitinde, rus goşunlary tarapyndan eýelenen regionda Ukrainadan bölünmek we Orsýete goşulmak barada geçirilmeli edilen referendumdan bir gün öň rus we ukrain şäherlerinde protest ýygnanyşyklary gurnaldy.

Moskwada ýagyş-ýagmyrly howada onlarça müň adam Orsýetiň Krymdaky hereketlerine garşy guralan «Parahatçylyk ýörişine» gatnaşdy.

Bu ýöriş Puşkin skwerinden başlanyp, Saharow prospektine çenli uzady we rus we ukrain baýdaklaryny göteren köp adam çykyş edýänleri, şol sanda oppozisiýa liderlerini diňlemäge toplandy.

Rus oppozisiýa lideri Boris Nemsow şenbe güni guralan ýygnanyşygyň maksadyny şeýle düşündirdi:

"Bu urşa garşy ýöriş, urşa garşy ýygnanyşyk. Bu rus prezidenti Wladimr Putiniň däliligine garşy guralan ýygnanyşyk. Bu biziň Ukrainadaky doganlarymyz bilen gowy goňşuçylyk gatnaşyklary üçin guralan ýygnanyşyk. Men [Putin] Orsýete we biziň ýurdumyzyň ähli raýatlaryna betbagtçylyk getirýär diýip düşünýärin."

Oppozisiýadaky «Adalatly Orsýet» partiýasyndan bolan parlament deputaty Dmitry Gudkow Krymda planlaşdyrylýan referendumy ýaňsa aldy:

"Bu referendum babatda hemme zat düşnükli. Ol geçiriler we olar tüpeňiň nili astynda 146 prosent netije görkezerler, ýa-da Krymyň ilatynyň 200 prosenti ses bermäge gatnaşar. Ses berişlige gatnaşygyň eýýäm çäresi görüldi."

Orsýetiň Krymdaky hereketlerine garşy Moskwada guralan ýöriş hem, Sankt Peterburgda guralan ýygnanyşyk hem parahatçylykly tamamlandy.

Şeýle ýygnanyşyklar Orsýetiň beýleki şäherlerinde hem bolup geçdi.

Moskwada şenbe güni ýene bir ýygnanyşyk, Orsýetiň hökümetiniň gündogar Ukrainadaky «faşizme» garşy pozisiýasyny goldaýan üýşmeleň hem gurnaldy. Bu ýygnanyşyga 15 müň çemesi adam toplandy.

Ukrainanyň Donesk şäherinde, penşenbe agşamy orsýetçi topar ýerli howpsuzlyk gullugynyň baş edarasynyň daş işiginde garşylykly protest geçirýän wagtynda bir adam öldürildi we birnäçe adam ýaralandy.

Käbirleri bina zabt edip girjek boldy, emma polisiýa olary yzyna serpikdirdi.

Harkowda, şenbe güni irden, öňki gije bolan zorlukly wakada iki adam ölensoň, 30 çemesi adam tussag edildi.
XS
SM
MD
LG