Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Kompýuteriň klawýaturasy we adam

Kompýuteriň klawýaturasy we adam

Twitter sosial ulgamynyň wideoýazgy paýlaşmak üçin niýetlenen "Vine" programmasynda içinde jynsy gatnaşyklar bar bolan wideolar mundan beýläk paýlaşylmaz. Bu barada Türkiýäniň "Milliýet" websahypasynda habar berilýär.
Mälim bolşy ýaly, Twitter sosial ulgamy eýýäm iki aýa golaý wagtdan bäri Türkmenistanda petiklenen. Ýöne, muňa garamazdan, türkmenistanlylaryň köpüsi proxi porgrammalar arkaly böwedini böwsüp, bu ulgama girýärler. Şeýle-de Twitter sosial ulgamynda soňky döwürde türkmenistanly ýaşlar hem wideo paýlaşyp başladylar. Hatda soňky paýlaşylan wideolaryň biri türkmen ýaşlary tarapyndan taýýarlanylan wideo.
Gürrüňini edýän bu wideomyz Twitter sosial ulgamynyň Begenç Ýazow atly agzasy tarapyndan 8-nji mart güni paýlaşylypdyr. Wideonyň aşagyndaky ýazgyda şeýle diýilýär: "Alty Garly sahypamyzyň adyndan türkmen gelin-gyzlarynyň 8-nji mart baýramyna taýynlanan ilkinji stop-motion animasiýamyz".
Bir minut 52 sekundlyk wideoda türkmen ýaşlary tarapyndan taýýarlanylandygy aýdylýan stop-motion animasiýa görkezilýär. Animasiýanyň soňunda wideonyň Kerim Aganyýazow we Batyr Gurbanow tarapyndan taýýarlanylandygy barada hat ýazylýar.
"Ertir.com"
"Ertir.com" sosial ulgamynda bolsa Täsin Paren atly agzanyň "Biz şeýle pesmi ýa olar şeýle akyllymy?" diýen temasy sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda gyzyklanma döreden temalaryň biri bolupdyr. 10-njy martda gozgalan bu tema 16-njy marta çenli jemi 1083 sapar okalyp, 36 gezek hem halanypdyr.
Ulgamyň agzalary tarapyndan 105 sany teswir ýazylan temada şeýle diýilýär: "Sowet düşünjeli adamlar ölüp gutarmasa, we [olar] döwlet başyndan gitmeseler, ýurdumyz hijem ösmez. Şeýlelik bilen goňşy döwletlerimiz hem bardyr. Esasy başy - Russiýa we gazak, täjik, ermeni, özbek, owgan, ýagny öňki Sowet Soýuzynyň düzüminde bolan döwletleriň ösüş derejesi gaty pes. Şunuň sebäbi näme-de? Meniň düşünişimçe sebäp biz entägem sosializm, ýagny öňki SSSR-iň ýoly bilen ýöreýäris. A Ýewropa döwletleri, ABŞ, Ýaponiýa - olar bireýýäm ýetjek derejesine ýetdiler. Ýagny, kapitalizm ýoly bilen. Näme üçin olar biziňkä däl, biz olaryň edýän zatlaryna ymtylýarys? Düşünjämiz şeýle pesligindenmi ýa olaryň şeýle akyllylygyndanmy? Sowet düşünjeli Žirinowskiý diýen adamyň aýdýan zatlary dogrumy? " diýen sorag berilýär.
Bu soraga Mahinur atly agza: "Her kimiň dogrusy özüne dogrudyr... ''Sowet döwrüniň adamlary'' diýip, hemmesini garalap bolmaz, aralarynda gowy düşünjelilerem bar. Meselem, öz ene-atamyz, eýsem olar erbet adammy?! Ýok elbetde... Ýaş tapawudy köpeldigiçe adamlaryň arasynda düşünişmezlik bolup biler..." diýip jogap beripdir.
Conquerer atly agza bolsa: "Gözüňi açsana, Türkmenistana nebit-gazyň puluny ulan diýseň. Ýylda 30% ösýär diýýäňmi, hany näme ösenini aýdyp ber, täze binalarmy? Iň bärkisi özüňden sorap gör, täze çykýän kinolary kinoteatrda görüp bolýarmy? Aýdara zat köp, hemem Özbegistan, Gazagystan, Azerbaýjan Türkmenistanyň ösüşine aňyrda dur diýýär" diýip, öz tankydy pikirini beýan edipdir.
Guga88 atly beýleki bir agza bolsa: "Türkmenistanyň ösüşi häzir dünýä ýüzünde iň ýokary derejede ...33-göterim mundan başga näme gerekdigine men düşünemok..." diýip teswir galdyrsa, muňa Howandar atly agza: "Hawa, gaty gowy ösýär ýurdumyz. Emma meniň ýaşaýan şäherimden başga ýerde ösýän ýaly-da, [meniň ýaşaýan ýerimde] 20 ýyldan [bäri] üýtgän zat ýok.." diýip, öz ýaşaýan ýerindäki ýagdaýlar barada garaýşyny ýazypdyr. Umuman, bu tema şuňa meňzeş gürrüňler bilen dowam edýär.
"VKontakte"
"VKontakte" sosial ulgamynda bolsa, Ukrainanyň Harkow şäherinde geçiriljek gözellik bäsleşigi barada peýda bolan bildiriş ünsümi çekdi. Bildirişde 26-njy martda sagat 17:30-da "Harkiv Miss International 2014" atly bäsleşigiň geçiriljekdigi we oňa Türkmenistandan Madina Areşowanyň gatnaşjakdygy bellenilýär.

Bu bäsleşige Täjigistan, Ysraýyl, Gürjüstan, Hindistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Owganystan, Ermenistan, Ýunanystan ýaly jemi 12 ýurtdan gözeller gatnaşýar. “Vkontakte” ulgamynyň Ýulduz Atakowa atly agzasy bu sosial ulgamyň ähli agzalaryny bäsleşige gatnaşýan türkmen gyzy Madina Areşowany goldamaga çagyrypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG